Iň täze habarlar

Türkmenistanyň howa ýollary doglan gününi belleýänler üçin ýörite aksiýa yglan edýär

20.02.2025 | 21:45 |
 Türkmenistanyň howa ýollary doglan gününi belleýänler üçin ýörite aksiýa yglan edýär

Eger aşakda agzalan halkara gatnawlar boýunça uçýan ýolagçylara uçýan güni doglan güni bilen gabat gelen ýagdaýynda awiakompaniýanyň biletlerini satyn alanyňyzda ýörite teklipden peýdalanyp bilersiňiz:

Aziýa:

Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat

Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat

Aşgabat – Bangkok – Aşgabat

Ýewropa:

Aşgabat – London – Aşgabat

Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat

Aşgabat – Milan – Aşgabat

Aksiýa 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-na çenli dowam eder.

Ýörite aksiýa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň çäginde ähli awiabilet satuw kassalaryna ýüz tutup bilersiniňiz diýip, awiakompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: