Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Tokioda birnäçe gepleşikleri geçirdi
19.02.2025 | 23:55 |17-19-njy fewral aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokio şäherine iş sapary amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda Rahymberdi Jepbarow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Ahihisa Nagaşimanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar ileri tutulýan ugurlary beýan edip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy, Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endo bilen duşuşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da Rahymberdi Jepbarow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygy Nobumisi Haýaşiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda maliýe we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we maliýe ulgamynda Ýaponiýanyň ýokary tehnologiki tejribeleriniň orny, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky nebit-himiýa, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada ýakyn geljekde alnyp baryljak iri taslamalar barada bellenildi.
Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary, Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) wekilleri, “Itochu Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi” we beýleki kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.
ORIENT