Iň täze habarlar

TULM "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde ikitaraplaýyn konteýner otly düzümleriniñ gatnawyny amala aşyrýar

19.02.2025 | 19:50 |
 TULM "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde ikitaraplaýyn konteýner otly düzümleriniñ gatnawyny amala aşyrýar

Bäsdeşlige ukyply hem-de özüne çekiji ýol nyrhlaryny ulanmak maksady bilen döredilen täze "CASCA+" multimodal ulag geçelgesiniň çäginde Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa ýurtlary we gaýdyşyn ugry boýunça ýükleriñ daşalmagy amala aşyrylýar.

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" (TULM) bu ugur boýunça ýükleriñ netijeli daşalmagyny hem-de logistika işleriniñ utgaşdyrylmagyny üpjün edýär. Bu barada TULM resmi saýtynda habar berýär.

2025-nji ýylyň fewral aýynda TULM tarapyndan "CASCA+" ugry boýunça ugradylan ilkinji ýükleriñ biri magdanlar we konsentratlar boldy. Olar Sergeli stansiýasyndan 180 sany 20 futlyk konteýnerlerde demirýol wagonlary arkaly Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna getirilip, fider gämileri arkaly Ýewropa ýurtlaryna ugradyldy.

"CASCA+" halkara multimodal ulag-üstaşyr taslamasynyñ çäklerinde yzyna gaýdyşyn ugry boýunça Poti we Batumi portlaryndan Özbegistan Respublikasyna 5 sany otly düzümi ugradyldy. TULM olaryñ bir wagtda 4 sany azerbeýjan gämilerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna getirilip, wagonlara ýüklenip Özbegistan Respublikasynyň degişli stansiýalaryna ugratmaklykda işler alnyp barylýar.

ORIENT news

Foto: www.tulm.tm

Şeýle hem okaň: