Pan Gi Mun Türkmenistanyň parahatçylyga we durnukly ösüşe goşandy barada belledi
18.02.2025 | 13:25 |17-nji fewralda Seul şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýewiň hem-de Assambleýa Prezidenti we Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Geňeşiniň Başlygy (GGGI), BMG-niň sekizinji Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky sahypasynda habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda Pan Gi Mun Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlady. Ol soňky üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna bolan ygrarlylygyna, sebitleýin parahatçylygy we ösüşi gazanmakda işjeň goldawyna, şeýle hem ynsanperwer daşary syýasatyna ýokary baha berip, olary nusga alarlyk diýip atlandyrdy.
Türkmenistan bilen özüniň köp ýyllyk özara gatnaşyklary barada ýatlamak bilen, Pan Gi Mun BMG-niň Baş sekretary bolan döwürlerinde 2010, 2015 we 2016-njy ýyllarda Aşgabat şäherine amala aşyran saparlary, şeýle hem Döwlet baştutany bilen geçiren duşuşyklary barada mähirli nygtap geçdi. Munuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny ibermegi haýyş edip, olaryň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde yzygiderli goşýan goşantlaryna ýokary baha berdi.
Ilçi B.Durdyýew Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli ýurduň içinde hem-de halkara derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, ol şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara forumy, şeýle-de Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleri barada belläp geçdi.
Pan Gi Mun berlen maglumatlar üçin hoşallygyny bildirip, zerur bolan ýagdaýynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamaga hem-de çäreleri geçirmekde goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýaşyl ösüş babatda tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri hem-de tokaýlary dolandyrmagyň durnukly gurallaryny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalar baradaky pikirleri alyşdylar.