Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi sanly hyzmatlar elýeterliligini hödürleýär
17.02.2025 | 15:53 |Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi öz resmi internet-saýtynda sanly hyzmatlar mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.
Ministrligiň resmi saýtynyň “Onlaýn hyzmatlar” bölüminde ýuridiki institutlar (guramalar, kärhanalar) we hususy şahslar (iş berijiler, iş dalaşgärleri) hyzmatlaryň degişli görnüşlerine elýeterliligi almak üçin şahsy otagy açyp bilerler. Elýeterli hyzmatlaryň arasynda – döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen bagly tölegleri onlaýn tölemek, onlaýn-arzalaryň tabşyrylmagy, ätiýaçlandyrylan şahslaryň sanawyna, onlaýn-hasaplaýjylara elýeterlilik (şol sanda hokmany pensiýa ätiýaçlandyrma tölegleriň hasaplaşyklary, döwlet durmuş kömek pullarynyň möçberiniň hasaplaşyklary, çagany dogurmak we oňa seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň möçberiniň hasaplaşyklary, ekleýjiniň aýrylmagy boýunça pensiýa möçberiniň hasaplaşyklary), şeýle hem elektron hasabatyň ýöredilmegi ýaly hyzmatlar bar.
Ulanyjylarda işgäri tapmak ýa-da işe durmak üçin Iş üpjünçilik portalyna girmek mümkinçiligi hem bar.
Habarlaşmak üçin: 39-48-50; 39-48-33.
ORIENT