Iň täze habarlar

Nižniý Nowgorod şäherinde Aşgabat köçesiniň döreýşi barada

17.02.2025 | 11:55 |
 Nižniý Nowgorod şäherinde Aşgabat köçesiniň döreýşi barada

Aşgabat köçesi Nižniý Nowgorod şäheriniň (Russiýa) merkezi böleginde ýerleşýär. Ol “Krasnyý prosweşşenes” köne kwartalyň ugrundan geçip, ol ýerdäki jaýlar bolsa baryp 1920-nji ýyllarda gurlan.

Näme üçin Aşgabat köçesine şeýle at dakdylar?

Petropawlowsk mazarlygynyň (häzirki wagtda onuň ýerinde Kulibin adyndaky seýilgäh ýerleşýär) aňarsyndaky çäkleri XIX asyryň ahyrynda özleşdirip başladylar. Täze kwartaldaky kiçiräk köçeleriň tehniki atlary bardy. Şeýlelik bilen, Aşgabat köçesini 14-nji we 15-nji ugurlar diýip belleýärdiler. Täze häkimiýetiň gelmegi bilen, köçäniň ady Artilleriýskaýa boldy. Bu at uzak durmady.

1949-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda şäher geňeşiniň ýerine ýetiriji komiteti köçäni ozalky adyna derek Aşgabat diýip atlandyrmany karar etdi. Ady üýtgedilen mahaly Artilleriýskaýa köçesi Gorkiý şäheriniň Ždanowskiý etrabyna degişlidi.

Köçäni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine bagyşlap şeýle atlandyrdylar. Şeýlelik bilen, Gorkiý şäheri 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesindäki ölen adamlary hormat bilen ýatlady.

Belli bolşy ýaly, Aşgabatda köp adamlaryň ukuda wagty 6-njy oktýabr geçilýän gije uly pajygaly waka bolup geçdi. 9-10 derejeli ýertitreme şäheri we onuň töwereklerini dolulygyna diýen ýaly weýran etdi.
Moskwada bolup geçenler barada ir bilen bildiler. Heläk bolan adamlaryň kömegine uly güýçler we serişdeler goýberildi. Agyr ýaralananlaryň we çagalaryň ewakuasiýasy başlady. Iki günden soň demir ýol gatnawy dikeldildi.

ORIENT news

Foto: www.nn.ru

Şeýle hem okaň: