Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy durky täzelenýän Bitaraplyk binasy we şanly senäni bellemek boýunça maslahat geçirdi
16.02.2025 | 15:15 |15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň garamagyna paýtagtyň günortasynda Bitaraplyk binasynyň golaýynda döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalaryň görnüşleri görkezildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzüminiň şol sanda Bitarap Türkmenistan bilen Çandybil şaýollarynyň çatrygyndaky aýlaw ýoly, şeýle hem sil suw akabasynyň we seýilgäh meýdançasynyň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde türkmen Bitaraplygynyň taryhy muzeýini döretmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Ýol-ulag infrastrukturasyny gurmakda we döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir. BMG-niň baýdagynyň nyşanlary we reňkleri täze Bitaraplyk binasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir.
Soňra iş maslahtynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary geçirmegiň maksatnamasy baradaky hasabatlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurduň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berildi.
Dabaralara giňişleýin taýýarlyk şol sanda myhmanlar üçin ýokary derejeli kabul edişlikleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, söwda nokatlarynda hyzmaty kämilleşdirmek we ýaşlaryň işjeň çekilmegini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar diýip, TDH habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
ORIENT