Türkmenistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy we Belarusyň Ilçisi dialogy işjeňleşdirmegiň ýollaryna garadylar
14.02.2025 | 23:50 |14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.
Belarussiýaly diplomaty ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynynyň işine möhüm ähmiýet berilýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmakda we güýçlendirmekde parlament diplomatiýasynyň uly ähmiýete eýedigi barada biragyzdan bellediler.
ORIENT