Iň täze habarlar

Türkmen we Astrahan lukmançylyk uniwersitetleri hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar

13.02.2025 | 18:15 |
 Türkmen we Astrahan lukmançylyk uniwersitetleri hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar

13-nji fewralda Türkmenistanyñ M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ ýolbaşçylarynyñ hem-de Astrahanyñ döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ ýolbaşçylarynyñ arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi. Maslahat Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiñ hem-de Bilim ministrliginiñ degişli ýolbaşçylarynyñ gatnaşmagynda geçirildi.

Duşuşyk lukmançylyk bilim we ylmy barlaglar babatynda geljekki hyzmatdaşlyk meseleleriniñ, şeýle hem iki ýokary okuw mekdebiniñ arasynda tejribe we okuw maksatnamalaryny alyşmak mümkinçilikleriniñ ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy.

Wideo arkaly maslahat uniwersitetleriñ arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyñ pugtalandyrylmagynda hem-de lukmançylyk we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyñ giñeldilmeginde möhüm ädim boldy.

ORIENT News

Foto: Astrahandaky Türkmenistanyñ konsullygy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: