Türkiye Bursları türkmenistanlylara Türkiýede mugt bilim almaga mümkinçilik berýär
14.02.2025 | 16:45 |Türkiýe türkmenistanly talyplar üçin iñ meşhur ugurlarynyñ biri bolmagynda galýar. 2023-2024-nji okuw ýyllarynda Türkmenistanyñ 29 000 gowrak raýatlary türk bilim edaralarynda bilim aldylar. Munuñ özi iki ýurduñ arasynda bilim alyş-çalyşygyñ ýokary derejesini subut edýär.
Şu gün metbugat maslahatynda Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçiniñ belleýşi ýaly, 1992-nji ýyldan bäri 5000-den gowrak türkmen talyplarynyñ Türkiýäniñ talyp hakly maksatnamalaryna (Türkiye Burslari ) gatnaşdy. Bu maksatnamalar ýaşlara Türkiýede ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik berýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyñ 45 talyby bu maksatnamanyñ çäklerinde talyp haklaryny aldylar. Ilçi Türkiye Burslari maksatnamasynyñ öñki ýyllarda ýaly hem, 2025-nji ýylda-da Türkmenistanyñ ýaşlaryny özüne çekmäge dowam edýändigini aýratyn belledi.
Indiki ýyla talyp haklaryna arzalaryñ kabul edişligi 2025-nji ýylyñ 10-njy ýanwarynda başlap, 2025-nji ýylyñ 29-nji fewralyna çenli dowam eder.
Arzalary tabşyrmak işi we maksatnama gatnaşmagyñ şertleri baradaky giñişleýin maglumatlary bilen türkmen talyplary Türkiye Burslari resmi saýtynda https://www.turkiyeburslari.gov.tr./tanşyp bilerler.
ORIENT news