Iň täze habarlar

Seulyň ýokary okuw jaýy STEM magistr maksatnamasy boýunça türkmen talyplaryny talyp hakly okuwa kabul etmäge taýýar

13.02.2025 | 23:00 |
 Seulyň ýokary okuw jaýy STEM magistr maksatnamasy boýunça türkmen talyplaryny talyp hakly okuwa kabul etmäge taýýar

Sungýungwan uniwersitetinde (Seul) ylym we bilim pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýewiň Sungýungwan uniwersitetiniň Prezidenti Ýu Ji Bom bilen duşuşygynda akademiki özara gatnaşygy giňeltmek, türkmen talyplary üçin kwotany köpeltmek we talyp haklaryny bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Ýokary okuw jaýynyň Prezidenti Ýu Ji Bom Sungýungwan uniwersitetiniň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny bekitmäge ygrarlylygy tassyklady we amaly-tejribe ylymlar boýunça tapawutlanan türkmen talyplaryna STEM magistr maksatnamasy boýunça talyp hakyny bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ilçi Durdyýew Sungýungwan uniwersitetinde türkmen dili boýunça okuw kurslaryny girizmegi teklip etdi. Onuň pikiriçe, bu talyplaryň dil we medeni ukyplarynyň giňelmegine we akademiki gurşawyň baýlaşmagyna goşant goşar.

Duşuşygyň dowamynda diplomat gatnaşyjylary biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen daşary syýasat başlangyçlary, hususan-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.


Sungkyunkwan-University-South-Korea-Seoul-1.jpg

Sungýungwan uniwersiteti (Sungkyunkwan University, SKKU) Koreýanyň baýry uniwersiteti bolup, onuň taryhy 1398-nji ýylda Sungýungwan konfusiýaçylaryň akademiýasynyň döredilmegi bilen başlanýar. Uniwersitet 1895-nji ýylda häzirki zaman görnüşine üýtgedildi. 1946-njy ýylda, Koreýa Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, Sungýungwan dünýädäki konfusiýaçylaryň serişdeleri bilen täzeden dikeldildi.

ORIENT

Foto: skku.edu

Şeýle hem okaň: