Iň täze habarlar

Russiýa we Türkmenistan Astrahanda täze logistika taslamasyny durmuşa geçirýärler

13.02.2025 | 11:30 |
 Russiýa we Türkmenistan Astrahanda täze logistika taslamasyny durmuşa geçirýärler

Russiýa we Türkmenistan Astrahan oblastynda täze bilelikdäki logistika taslamasyny durmuşa geçirýärler. Ol iki ýurduň arasyndaky ýük akymlarynyň dolandyrylmagynda möhüm bölek bolar. Logistika merkezi portlaýyn aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşer. Munuň özi ýükleri bölmegiň we olary daşamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň esasy bölegi Astrahan portynyň we Türkmenistanyň Türkmenbaşy portynyň arasynda täze gämi gatnaw ugrunyň işledilmegi bolar. Munuň bolsa ýük daşamalaryň mümkinçiliklerini giňeldip, ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna garaşylýar. 2025-nji ýylda logistika infrastrukturasyny ösdürmek we ýük dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen işewürlik forumy geçiriler. Onda rus we ürkmen telekeçileri duşuşar. Bu çäre ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de söwda alyş-çalyşygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlykdan başga-da, Astrahan oblasty beýleki ýurtlar bilen hem logistika taslamalaryny ösdürýär. Sebitde eýýäm ýükleriň daşalmagy bilen meşgullanýan rus-eýran kompaniýasy hereket edýär, Eýran bilen täze başlangyçlar hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

ORIENT news

Foto: holodcatalog.ru

Şeýle hem okaň: