Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy

12.02.2025 | 22:10 |
 Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy

12-nji fewralda, çarşenbe güni wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tährana saparynyň çärginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Resmi kabul edişligiň dowamynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi

Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna jogap hökmünde mähirli salamyny ýollap, eýran-türkmen gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşýändigini nygtady we 10-njy fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň möhümdigini belledi.

Eýranyň Prezidenti, Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw baýlyklary we beýleki ugurlar boýunça mundan beýläk hem konstruktiw ýagdaýda işlemäge taýýardygy mälim etdi.

Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikdäki çäreleriň ähmiýetini bellediler diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: