Iň täze habarlar

Türkmenistan–Özbegistan: köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde gaz üpjünçiligi

31.01.2025 | 22:50 |
 Türkmenistan–Özbegistan: köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde gaz üpjünçiligi

Özbek metbugatynyň habarlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistan gazyň arassa importçysy bolmagyny dowam etdirip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy gaz satyn alyşyny 2,4 esse artdyrdy. Milli statistika Agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan we Russiýadan jemi gaz importy 1,67 milliard dollara ýetdi.

Bu eýýäm ýurduň import edýän gazynyň eksport edilýän gazdan köpräk bolýan ikinji ýylydyr. Geçen ýylyň dekabrynda Özbegistanyň Hytaýa gaz eksporty noýabr aýyndaky 79,4 million dollardan 58,8 million dollara çenli azaldy, ýöne bu görkeziji henizem 2023-nji ýylyň şol bir aýyndaky görkezijisinden ýokarydyr. Özbegistan 2025–2026-njy ýyla çenli gazyň eksportyndan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirýär.

Hytaý bazarynda gazyň esasy üpjünçisi hökmünde Türkmenistan öňdeligi saklaýar. Ýurduň gaz eksporty 9,57 milliard dollara ýetip, yz ýanyndan Russiýa (8,03 milliard), Mýanma (1,39 milliard) we Gazagystan (1,36 milliard) gelýär.

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2024-nji ýylda 1,1 milliard dollardan geçendigi bellenildi. Energetika, senagat kooperasiýa, ulag we logistika, oba hojalygy hem-de suw serişdelerini ulanmak babatynda hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär.

ORIENT

Foto: podrobno.uz

Şeýle hem okaň: