Iň täze habarlar

MASEM we "Täze Zaman" ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin tagallalary birleşdirýärler

31.01.2025 | 23:20 |
 MASEM we "Täze Zaman" ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin tagallalary birleşdirýärler

Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow "Täze Zaman" jemgyýetçilik birleşigi bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Bu Ähtnamanyň esasy maksady – Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin iki tarapyň tagallalaryny birleşdirmekdir.

MASEM we "Täze Zaman" bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şulardan ybarat: ekologiýa bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek babatda bilim alyşmagy gowulandyrmak, howa bilen baglanyşykly maliýeleşdiriş we ekologiýa syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek. Olar bilelikdäki hünär okuwlarynyň, ekologiýa çäreleriniň geçirilmegi, maglumat materiallarynyň taýýarlanylmagy we ýaýradylmagy, sosial ulgamlaryň işjeň ulanylmagy, şeýle hem grantlaryň we taslamalaryň taýýarlanylmagy hem-de durmuşa geçirilmegi arkaly amala aşyrylar.

Taraplar bu Ähtnamany sebitiň häzirki kynçylyklaryna we ýerli ilatyň zerurlyklaryna laýyk gelýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda möhüm ädim hökmünde görýärler. Mergen Kepbanow bu Ähtnamanyň ähmiýetini belläp, şeýle diýdi: "Biz "Täze Zaman" bilen hyzmatdaşlygyň netijeli boljakdygyna we täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. Bu Ähtnama diňe bir resminama bolman, eýsem, sebitiň bähbidine bilelikde iş alyp barmak baradaky umumy islegimiziň subutnamasydyr."

Öz gezeginde, «Täze Zaman» jemgyýetçilik birleşiginiň direktory Mübärek Gurbanowa bilelikdäki işiň möhüm netijelere getirjekdigine ynam bildirdi. Taraplar tagallalaryň birleşdirilmeginiň sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna we Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine itergi berjekdigine ynanýarlar.

Тазе заман.jpeg

MASEM-iň ýaşlar bilen iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk guramalar (HDBG) bilen hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Esasy ugurlar şulary öz içine alýar: bilim programmalary, ekologiýa taslamalary, halkara alyş-çalyş programmalary, grant bäsleşikleri arkaly ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, ýaşlara aýlanyşyk ykdysadyýeti we täze tehnologiýalar bilen baglanyşykly ekologiýa kärhanalaryny ýa-da başlangyçlaryny döretmäge ýardam bermek, ekologiýa medeniýetini wagyz etmek, ylmy-barlag we analitika işleri geçirmek.

ORIENT

Foto: carececo.org

Şeýle hem okaň: