Iň täze habarlar

Türkmenistanda halkara olimpiadalar geçiriler

01.02.2025 | 10:15 |
 Türkmenistanda halkara olimpiadalar geçiriler

2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler. Bu çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.

Habar berilşi ýaly, bu çäreler Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň çäklerinde guralar. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriler.

28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahaty geçiriler. 10-15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, ABŞ-nyň, HHR-iň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýanyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki döwletleriň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu çäreler ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen tekliplere garap, ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz teklibi makullap, degişli taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT News

Foto: sng.fm

Şeýle hem okaň: