Iň täze habarlar

Özbegistanda mellek ýerlerinde miwe we gök önümleri öndürmek boýunça holding dörediler

31.01.2025 | 17:40 |
 Özbegistanda mellek ýerlerinde miwe we gök önümleri öndürmek boýunça holding dörediler

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 30-njy ýanwarda geçiren maslahatynda öňe sürlen täze başlangyçlar, oba hojalygyny ösdürmek, önümçiligi artdyrmak we oba ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmek maksadyny göz öňünde tutýar. Maslahatda hususy hojalyklarda we kärende ýerlerinde ýokary girdejili ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin täze ulgam giriziljekdigi bellenildi. Munuň üçin oba ilatyna bilim bermek, tohum we nahal bilen üpjün etmek, önüm öndürmek, gaýtadan işlemek we eksport etmek işleri bilen meşgullanjak aýratyn geňeş dörediler.

Bu geňeşiň çäginde «UzAgroStar» atly holding döredilip, onuň düzüminde miwe we gök önüm öndürýän 15 sany ýöriteleşdirilen kompaniýa işläp başlar. Bu kompaniýalar 15 sany synag etrabyny täze ösüş derejesine çykarar we üstünlikli tejribäni ýene-de 72 etraba ýaýradar. Her kompaniýa üçin býujetden 20 milliard sum bölünip berler. Mundan başga-da, geňeşiň garamagynda başynda 260 milliard sumlyk başlangyç maýa we umumy 1,2 trillion sumlyk kredit portfeli bolan ýörite gazna dörediler. Jemi alanyňda, mellek ýerlerinde azyk ekinlerini ösdürmek üçin takmynan 5 trillion sum bölünip berler. Synag etraplarynda tohumçylyk institutlary bilen hyzmatdaşlykda «ýaşyl» ýyladyşhanalar gurular.

Möhüm üýtgeşiklikleriň biri – oba hojalygy gaznasyndan miwe we gök önüm ösdürmek hem-de gaýtadan işlemek üçin beriljek karzlaryň girewsiz, diňe ätiýaçlandyryş polisi esasynda berilmegidir. Daýhanlar indi artykmaç resminamalary talap etmeýän ýeňillikli karzlary alyp bilerler. Şeýle hem, mellek ýerleriň we daýhan ýerleriniň we olaryň önümçiliginiň hasaba alynmagyny üpjün edýän täze sanly ulgam dörediler. Ýylyň ahyryna çenli ähli ýerler toparlara bölünip, ekin ekilen meýdanlaryň maglumatlary «Online Mahalla» platformasyna giriziler. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri, gaýtadan işleýän kärhanalary alyjylar we eksportçylar bilen baglanyşdyrýan onlaýn-söwda meýdançasy dörediler.

Maslahatda ýokary hasylly oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek, önümleri ösdürmek üçin oba hojalygyna degişli tehnikalar bilen üpjün etmek we daýhanlar üçin amatly maliýe goldawy hödürlemek barada tabşyryklar berildi. Täze başlangyçlar bagbanlar, daýhanlar we oba hojalyk bilen meşgullanýan telekeçiler üçin maliýe kömegi hem-de ýeňillikli karzlary öz içine alýar. Mundan başga-da, ekologiýa taslamalaryna goldaw bermek we agrotehniki infrastrukturany ösdürmek meýilleşdirilýär. Jogapkär ýolbaşçylar we banklar bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi hem-de 1 million 500 müň adamyň iş bilen üpjün edilmegi üçin degişli meýilnamalary hödürlediler.

ORIENT

Foto: dreamstime.com

Şeýle hem okaň: