Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy ugrunda Magtymgulynyň mirasy
31.01.2025 | 23:55 |Şular ýaly at bilen, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi, taryh ylymlarynyň doktory Esen Aýdogdyýewiň Russiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň «Diplomatik gulluk we tejribe» atly elektron žurnalynda makalasy çap edildi.
Makala türkmen edebiýatynyň nusgawy, görnükli şahyry, akyldar Magtymguly Pyraga we onuň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ugurlarynyň esaslaryny goýan ýörelgelerine bagyşlanýar.
Awtor Magtymgulynyň eseriniň filosofiki böleginiň parahatçylygy, adalaty, ynsanperwerligi, dostlugy, watançylyk söýgüsini, ähli halklara aç-açanlygy we hormaty goramak üçin sesdigini belleýär – bularyň hemmesi türkmen halkynyň ganyna siňdi we adamzadyň bir bölegi hökmünde olaryň dünýägaraýşynda alfa we omega öwrüldi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasaty onuň dünýä we ondaky türkmen halkynyň orny baradaky pikirleriniň we düşünjeleriniň mirasdüşeri hemde dowam etdirijisi bolup durýar. Olar bu pikirler, türkmen döwletiniň bitaraplygynyň mazmunynyň esasyny düzdi hem-de paýhasyň çeşmesi, dowamlylygyň we şol bir wagtyň özünde täzelikleriň, Türkmenistanyň syýasy we diplomatik ugurlarynyň ähmiýetliligini dowam etdirýär diýip, makalada nygtalýar.
Hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, deň hukukly, birek-birege hormat goýmaak esasdaky hyzmatdaşlygy – bu ýörelgelere bil baglamak, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ädimleriniň çuňňur logiki, anyk tassyklanan ugurlaryny gurmak üçin ideologiki we syýasy şertleri döredýär. Hem-de döwlet Baştutanynyň howpsuzlyk, durnukly ösüş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerinde we başga-da birnäçe möhüm ugurda täzeçil başlangyçlaryň we pikirleriň baş şerti bolup durýar.
Bu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek ýaly öňe süren teklipler görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygyň kepili hökmünde ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ulgamlaýyn dialogy gurmak baradaky başlangyçlary dowamlylyk we ynanperwer garaýyşlara eýerýär.
Türkmenistanyň bitaraplygyny parahatçylygy goraýyş gullugyna goýmaga we dürli jedelli ýagdaýlary çözmekde gepleşik mehanizmleriniň işe girizilmegine ýardam bermäge taýýarlygy dünýäde ýokary baha eýe boldy. Ýurdumyzyň bu ýerdäki eýeleýän orny örän düşnükli we takyk düzülendir: diňe parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak şertlerinde ösüş we öňe gidişlik gazanyp bolar.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlykdyr – bu ýurt bilen çuňňur taryhy gatnaşyklar, dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk aragatnaşyklar birleşdirýär. Türkmenistan we Russiýa – deň hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň doly toplumyny üstünlikli durmuşa geçirýän strategiki hyzmatdaşlardyr diýip, makalada nygtalýar.
Mümkin, kimler üçin Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary wagty boýunça-da we mazmuny boýunça-da Magtymgulynyň üç asyr ozal beýan eden pikirlerinden.we teklipleri gaty uzakdan ýaly bolup görüner.
Aslynda beýle däl – Türkmenistanyň halkara işleri, onuň çuňňur, filosofiki manyda amaly mazmuny biziň milli uçursyz zehinimiziň mirasyny dowam etdirýär we ösdürýär.
Türkmenistanyň daşary syýasaty, bitaraplyk – bu diňe bir syýasy dereje däl, eýsem ahlaklylyk derejedir. Bu, olaryň güýji we özüne çekijiligi, dünýä syýasatynyň we halkara gatnaşyklarynyň hakykatlaryna jogapkärçilikli, dogruçyl we adalatly çemeleşmegiň mysalydyr diýip awtor makalany jemleýär.
ORIENT