Iň täze habarlar

Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde çäreleriň meýilnamasy hödürlendi

01.02.2025 | 04:05 |
 Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde çäreleriň meýilnamasy hödürlendi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPECA) başlyklygyna bagyşlanan utgaşykly görnüşde duşuşyk gurady.

Bu çärä SPECA maksatnamasyny utgaşdyrýan BMG-niň sebit komissiýalarynyň ýolbaşçy düzümi – BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem SPECA gatnaşyjy döwletleriň Ženewadaky akkreditlenen hemişelik wekilleri hem-de milli utgaşdyryjy guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

29-njy ýanwarda geçirilen duşuşykda türkmen tarapy özüniň başlyklyk döwründäki kopsepsiýa barada şeýle hem şunuň bilen bagly şu ýyl meýilleşdirilýän ähli çäreler barada giňişleýin maglumat berdi.

Açyk ýagdaýda geçirlen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ýakyn geljek üçin bilelikdäki işler, hususan-da ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşdylar.


Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA) 1998-nji ýylyň 26-njy martynda Daşkent jarnamasy esasynda döredildi. Resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarlary gol çekdi.

Maksatnamanyň maksady – gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, hyzmatdaşlyga we Ýewropanyň we Aziýanyň ykdysadyýetleriniň integrasiýasyna ýardam bermekden ybaratdyr. Häzirki wagtda SPECA gatnaşyjy döwletler Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy SPECA-niň ýurtlaryndaky BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Maksatnama laýyklykda alnyp barylýan çärelere hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

ORIENT

Foto: switzerland.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: