Türkmenistan “Ulag pudagynda zenanlar (WiT)” atly ulgamy girizimek dabarasyna gatnaşdy
30.01.2025 | 15:10 |Türkmen wekiliýeti Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýaly sebitler üçin niýetlenen “Ulag pudagynda zenanlar (WiT)” atly ulgamy girizimek dabarasyna gatnaşdy. Guramaçylyk maslahaty Stambulda geçirildi.
Bu ulgam Aziýanyň ösüş banky (AÖB), Ýewropanyň maýa goýum banky (ÝMGB), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Halkara ulag forumy we Bütindünýä bankynyň Topary tarapyndan döredildi. Onuň maksady orta we ýokary hünär taýýarlygyny talap edýän hünärlere we ýolbaşçylyk wezipelerine üns bermek bilen, Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň ulag pudaklarynyň ähli derejelerinde zenanlaryň ykdysady işjeňligini höweslendirmekden ybarat. Networking, maglumat alyşmak, derňew barlaglaryny geçirmek arkaly ulgamyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişini üpjün etmek üçin WiT ulgamy ministrlikler we ulag hyzmatlarynyň döwlet üpjün edijileri, hususy bölek, ösüş babatda işi amala aşyrýan hyzmatdaşlar, ylmy toparlar we gyzyklanma bildirýän fiziki şahslar bilen özara gatnaşygy alyp barar.
Guramaçylyk maslahatyň barşynda gatnaşyjylar ulgamyň işini guramak babatda teklip edilýän esasy bölekler, hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri kesgitlemäge niýetlenen aýratyn sebit başlangyçlary bilen tanyşdylar. Şeýle-de ählumumy we sebit derejelerinde ulag pudagynda zenanlaryň bar bolan ýagdaýyna bagyşlanan soňky ylmy barlaglarynyň netijeleri bilen tanyşdyryldy.
Maslahata gatnaşyjylara giriş sözi bilen Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu ýüzlendi.
ORIENT news