Azerbaýjan TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde uly taslamasyna başlady
31.01.2025 | 11:40 |Azerbaýjan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde uly taslamasyna başlap, ol dünýä giňişliginde ilkinji özboluşly taslama bolar.
Taslamanyň çäklerinde “Molla Nasreddin. Agyr günlerimiň ýoldaşy” atly film düşeriler. Oňa Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan gatnaşar. AZERTAJ-yň habar bermegine görä, film ýarym ýyl mundan öň düşürilip başlandy, häzirki wagtda bolsa ýazgylar Gyrgyzystanda geçirilýär.
“Azerbaýjanfilm” kinostudiýasynyň Köpçülik bilen aragatnaşyk we marketing boýunça bölüminiň müdiri Ramil Gurbanyň aýtmagyna görä, filimi düşürmegiň indiki tapgyry Türkiýede, Gazagystanda we Özbegistanda geçiriler. Taslamanyň esasy maksaty umumy medeniýet we agzybirlik düşünjesi arkaly türki dilli ýurtlaryň ýakynlaşmagyndan ybaratdyr. Filmiň režissýory we awtory halk artisti Wagif Mustafaýew bolup, ol Azerbaýjandaky böleginiň düşürilmegi aprel aýyna meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Taslama diňe bir türki dilli halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekden ybarat däl-de, eýsem bilelikdäki medeni mirasyň wajyplygyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.
ORIENT news