TDHÇMB-da söwdalaşyklar: "BND 60/90" kysymly ýol bitumyna isleg bildirildi
01.02.2025 | 09:05 |31-nji ýanwarda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümlerine isleg bildirildi.
BAE-niñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 440 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 1 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news