Iň täze habarlar

Gyrgyzystan Emeli aň bilen baglanyşykly sebit merkezini döretmegi teklip edýär

01.02.2025 | 10:45 |
 Gyrgyzystan Emeli aň bilen baglanyşykly sebit merkezini döretmegi teklip edýär

“Digital Almaty 2025” atly halkara sanly forumyň çäklerinde Gyrgyzystan Emeli aň (EA) sebit merkezini döretmegi teklip etdi.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Adylbek Kasymaliýew şeýle merkeziň döredilmegi Emeli aňy döwlet işlerine toplumlaýyn we giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Munuň özi döwlet hyzmatlaryň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmakda möhüm ädim bolup durýar. Merkez Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda bilim, serişde we iň gowy tejribeleri alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder. Mundan başga-da, Emeli aňy dolandyrmagyň sebit standartlarynyň işläp taýýarlanylmagy göz öňünde tutulýar. Bu hem raýatlaryň maglumatlarynyň goraglylygyny üpjün eder hem-de şol bir wagtyň özünde innowasiýalara ýol açar.

Kasymaliýew maglumatlary işlemegiň sebit merkezleri arkaly hasaplaýjy kuwwatlyklara elýeterliligiň möhümdigi barada hem belläp geçdi. Bu bolsa tehnologiýa päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berer.

Şeýle-de Gyrgyzystan sebit taslamalary dolandyrmak we strategiýalar barada ylalaşmak üçin bitewi utgaşdyryjy edaranyň döredimegi boýunça synag taslamasyny öňe sürmäge taýýar. Munuň özi sebitiň ýurtlaryna ählumumy sanly merkezi bolmaga mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: