Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Galkynyş” töleg ulgamyny işe girizýär

01.02.2025 | 05:50 |
 Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Galkynyş” töleg ulgamyny işe girizýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlady. Munuň özi edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap bank hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmäge we ýurtdaky maliýe amallarynyň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.

Ykdysadyýeti sanlaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Döwlet daşary ykdysady iş banky innowasion çözgütleri işjeň durmuşa geçirýär. Ilat we işwürlik üçin maliýe amallarynyň amatlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edip, “Galkynyş” töleg ulgamy bu ugurda ýene bir ädim bolar. Bu barada maglumatlar 31-nji ýanwarda, anna güni Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň mejlisinde beýan edildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän “Galkynyş” töleg ulgamy bilen bagly teklibi makullady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Foto: tfeb.gov.tm

Şeýle hem okaň: