Türkmenistanyň DIM Özbegistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
27.01.2025 | 22:00 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň başynda ministr Raşid Meredow Özbegistanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Söhbetdeşlikde dostlukly, hoşniýetli we strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2024-nji ýylda 1,1 milliard dollardan geçen söwda dolanyşygynyň depginli ösüşi bellenildi, bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.
Bilelikde “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy döredilýär. Senagat, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda ýakyn hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Sebitara aragatnaşyklar we medeni-ynsanpewer ugurlarda alyş-çalyşlar barha giňeýär.
Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze giňişleýin gün tertibiniň döredilmegine, ýakyn wagtda boljak ýokary derejeli saparlara taýýarlygyň, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklarynyň we “Merkezi Aziýa +” formatdaky sammitlere aýratyn üns berildi.
Raşid Meredowyň Daşkende saparynyň maksatnamasy nobatdaky türkmen-özbek syýasy geňeşmelerini öz içine alýar.
ORIENT