BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýär
22.01.2025 | 22:22 |Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça institusional we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw maslahaty geçirildi.
“Gymmatly kagyzlar bazarynyň düýp esasy we onuň bazar ykdysadyýetindäki orny”, “Gymmatly kagyzlar bazary kadalaşdyryjy ählumumy arhitekturasynda halkara standartlar we öňdebaryjy tejribe” okuw maslahatyň esasy temalary boldy. Maslahata gatnaşanlar gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmegiň we kadalaşdyryjy ulgamyň ösüşiniň, şol sanda dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky amaly taraplaryny öwrendiler.
Mundan başga-da, BMGÖM-iň halkara we ýerli bilermenleri Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny halkara standartlaryna laýyk getirmek arkaly mundan beýläk ösdürmek üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdiler.
Geçirilen çäreler, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň institusional we kadalaşdyryjy mümkinçiligi güýçlendirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek meýilnamasyny düzmek we depozitorlary döretmäge taýýarlyk görmek BMGÖM-iň Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygynyň başlangyjy boldy.
ORIENT