Emeli añ babatda DeepSeek hytaý startapy ChatGPT-den öñe geçýär
27.01.2025 | 14:25 |DeepSeek hytaý startapy AppStore-da ýükläp alynmalaryñ sany boýunça OpenAI kompaniýasynyñ ChatGPT-den öñe geçip, Emeli añ bazarynda hakyky üstünlige eýe boldy. R1 ady bilen meşhur bolen DeepSeek "pikirleniş" modeli iñ gysga möhletde - iki aýda 6 mln dollardan pesräk býujet bilen işläp taýýarlandy. Bu möçber bolsa OpenAI we Google kompaniýalaryñ deñeşdirip bolýan ölçeg ulgamyny öwretmäge sarp edilen çykdajylaryñ kiçi bölegidir. Bu bolsa pesräk kuwwatly çipleriñ, ýagny Nvidia H800 2048 emeli añ çaltlaşdyryjy enjamlaryñ peýdalanylmagynyñ netijesinde mümkin boldy.
Netijede, DeepSeek has tygşytly çözgüdi hödürläp bildi. Işläp taýýarlaýjylaryñ aýtmaklaryna görä, ol OpenAI-niñ GPT-4o hem-de Meta-nyñ Llama 3.1 modellerinden takyklygy boýunça öñe geçýär. Bu waka Nvidia we Tesla ýaly iri amerikan kompaniýalaryñ paýnamalarynyñ düşmegine getirdi. Maýadarlaryñ we bilermenleriñ pikirine görä, DeepSeek-iñ üstünligi bazarda düzgünleri üýtgedip, amerikaly kompaniýalary Emeli Añ ulgamlaryny işläp taýýarlamak çemeleşmerine täzeden garamagyna mejbur edip bilýär.
Kompaniýa daşarky çeşmelerden serişdeleri çekmän, öz modelleriniñ girdejiligi üçin hiç hili çäre görmedi; onuñ ugry - barlaglar hem-de inźenerçilik işidir. Bu bolsa ony ozalky DeepMind-e meñzeş edýär.
DeepSeek özüniñ gazananlary bilen paýlaşmaga taýýar.
ORIENT news