Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşy boldy
25.01.2025 | 15:55 |24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere degişli bölümleriň ýolbaşçylary gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Maslahatlaryň çäklerinde iki ýurduň konsullyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň döwrebap meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk hyzmatlarynyň arasynda tejribe alyşmak teklipleri, şeýle hem bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň arasyndaky özara gatnaşygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Bu babatda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Taraplar şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berdiler.
Taraplar ähli meseleler boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar.
ORIENT news