Sebitleýin ekologiýa merkezi Merkezi Aziýanyň durnukly geljege goşandyny belledi
28.01.2025 | 00:05 |26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar.
«Halkara arassa energiýanyň gününi belläp, biz bu energiýa geçişiniň özgerişini kabul edýäris. Emma öňümizde uly kynçylyklar durýandygyna hem düşünýäris»-diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýüzlenmesinde bellenilýär. «Gazylyp alynýan ýangyjyň eýýamynyň soňuna ýetenine şübhe ýok. Ýöne hökümetler bu geçişi çalt we adalatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin şertleri döretmeli». BMG arassa energiýa, durmuş-ykdysady ösüş we ekologiýa durnuklylygynyň özara baglanyşygyny aýratyn belleýär.
Halkara arassa energiýa gününiň öň ýanynda Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (MASEM) sebit ýurtlarynyň durnukly ösüşe goşandyny belläp geçdi. Sebit ýurtlary durnukly energiýany öňe sürmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde öz ygrarlylygyny nygtaýarlar. MASEM-iň «Howanyň üýtgemegi we durnukly energiýa» atly programmasy Merkezi Aziýa ýurtlaryna pes uglerodly ösüş ýollaryny ornaşdyrmakda, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda goldaw berýär. Bu programma milli syýasatlara ýardam edip, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini azaltmak boýunça netijeli strategiýalaryň kemala getirilmegine ýardam edýär. Şeýle hem bu programma esasy pudaklaryň we guramalaryň, şol sanda halkara hyzmatdaşlarynyň arasynda gepleşigi ösdürmäge itergi berýär.
Halkara arassa energiýa güni – arassa energiýa geçişini adalatly we hemmetaraplaýyn gazanmak üçin duýduryş we çagyryş bolup durýar.
Şeýle hem 26-njy ýanwar –gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň esaslandyrylan Halkara güni. Bu halkara hökümetara gurama 2009-njy ýylda döredilip, ýurtlaryň energiýa geçişlerini goldamak, halkara hyzmatdaşlyk üçin platforma hökmünde çykyş etmek we arassa energiýa babatyndaky tehnologiýalar, innowasiýalar, syýasatlar, maliýeleşdiriş we maýa goýumlar boýunça maglumatlary we derňewi bermek maksady bilen iş alyp barýar.
ORIENT