Iň täze habarlar

ABŞ-de dollaryň täze nusgalary çykarylar

28.01.2025 | 15:15 |
 ABŞ-de dollaryň täze nusgalary çykarylar

ABŞ-de täze dollar kagyz pullarynyň çykarylmagyna taýynlanýarlar. Bu başlangyjyň esasy maksady galp görnüşlerinden goraglylygy ýokarlandyrmakdan ybarat diýip, ABŞ-niň Haşamlama we basma edarasy habar berdi.

Köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylan barlag işleriniň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijesinde amerikan pul birligine ynamy saklamak we ykdysadyýetiň durnuklylygyny ösdürmek maksady bilen täze dizaýna kämilleşdirilen howpsuzlyk serişdeleri giriziler.

Kagyz pullaryň dizaýni köpçüligi habarly etmek we hasaplaýjylara bu ugurda tälim bermek maksady bilen çykarylmagyndan 6-8 aý öňünden mälim ediler.

Federal ätiýaçlyk edarasy dollaryň kagyz görnüşiniň dizaýniniň täzelenmeginiň tertibini neşir etdi:

10 dollar – 2026-njy ýyl;

50 dollar – 2028-nji ýyl;

20 dollar – 2030-njy ýyl;

5 dollar – 2032-nji ýyl;

100 dollar – 2034-nji ýyl.

Häzirki wagtda 1914-nji ýyldan bäri çykarylan ähli dollar görnüşleri ýörgünli hasaplanylýar.

ORIENT News

Foto: myfin.by

Şeýle hem okaň: