Alaçatynyň özüne çekijiligi: Izmiriň ýüregine syýahatçylyk
18.10.2024 | 17:05 |Izmire syýahatçylygymyz baradaky gyzykly hekaýalarymyzy dowam edýäris. https://orient.tm/tm/post/76016/izmire-syyahatcylyk-gijeki-gatnawdan-irki-basdan-gecirmelere-cenli (başy)
Dowamy
PRESTIJ ýazgyly gara reňkdäki mikroawtobusymyz bizi ANTMARE myhmanhanasyna rahat ýagdaýda eltip ýetirdi. Ulag kompaniýasynyň saýtynda men Izmiriň howa menzilinden Çeşme etrapçasyna çenli Mercedes Sprinter (1-16 orunlyk) mikroawtobusyň kreýi 4750 türk lirasyna (140 amerikan dollaryna golaý) deňdigini öwrendim. Şeýle-de onuň 88 km uzaklygy 1 sagat 20 minutda geçýändigi barada bellenen.
ANTMARE myhmanhanasynyň rahat otaglary, ap-ak örtümleri we ýumşak ýassyklary, köpýyllyk zeýtun agajynyň aşagynda ajaýyp ertirlik naharlary, balkondan Egeý deňzine açylýan haýran galdyryjy manzaralary we sanardan kän beýleki artykmaçlyklar barada gürrüň bermezden ozal, myhmanhananyň eýesi Zafer Inanyň sözlerini getirmegi makul bildim:
“Arzuwdan hakykata” bolan kesgitlemeden başlap bu syýahatçylygymyz baradaky hekaýadyr; myhmanhananyň 35 otaglaryny gurnap, gurluşygyň her pursatyndan lezzet alýardym.
Dizaýniň iň ownuk işlerine, gadymy görnüşdäki şkaflaryndan we ýataklaryndan başlap ýorgan-düşekleriň nusgalaryna çenli saýlamak işine hut özüm gatnaşdym. Bu işiň her tapgyry tamamlanandan soňra dowam edýän hekaýamyzdan ... başdan geçirmelerden ýaňa tolgunýardym.
Soňunda gurluşyk tamamlanan we myhmanananyň açylyşa taýýar bolan wagty laýyk gelýän ady tapmak pursady geldi. Myhmanhananyň esaslandyryjysy Antyapı gurluşyk kompaniýasy bolandygy we myhmanhananyň deňziň ýanynda ýerleşendigi üçin men “Antmare” adyny saýladym. Men, Zafer Inan, bu taslamanyň ýolbaşçysy hökmünde onuň üstünligine çyn ýüregimden ynanýardym. Menejr tejribämi ulanyp, men ony tamamlap tabşdyrdym. Bu binanyň her bir inedördül metriniň aýratyn öz taryhy bar. Söýgimi we güýjimi siňdiren, myhmandan doly myhmanahana baradaky arzuwlarymy arkamda goýup, men Stambula gaýdyp geldim.
Emma başdan geçiren bäş ýylymy ýaşaýşymdan aýyryp bilmedim. Alaçatynyň howasy, ýyldyzdan doly asmany, iň esasy entegem oba ýaşaýşy agdaklyk edýän ýaşaýyş modeli mähirli görünip, bizi yzymyza çekýärdi. Has ýönekeý ýaşaýyş durmuşyna geçmek kararyny alyp, biz ýene bir gezek “Alaçaty” diýip, maşgala bolup “Antmare” myhmanhanasyny dolandyryp, sizi öýümizde kabul etmek kararyna geldik...
Şol bir wagtyň özünde maňa hemişe goldaw berýän we özümi üýtgeşik duýmaga mümkinçilik döredýän Antyapı maşgalasynyň ak ýürekli agzalaryna öz çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Goz, siziň hemişe ýüregiňizi diňläp ýoluňyzy dowam etmäge güýjüňiz we gujur-gaýratyňyz bolsun.
Irden Gün dogmazdan öň biz hamyrmaýaly hamyrymyzda bişirilen her bir çöregimze ýatlamalarymyzyň bir bölegini siňdirip, özbouşly ene hamyryny ulanyp ajaýyp gutapjyklary söýgi bilen bişirýäris.
Eger-de biziň hekaýamyzy soňuna çenli okan bolsaňyz, siz eýýäm onuň bir bölejigine öwrülendigiňize ynanýarys. Antmare hoş geldiňiz... Antmare maşgalasyndan söýgi bilen, Zefar Inan”.
Awtoryň aýdan setirlerinden öz döreden zadyna we gözel Alaçaty ýerine nähili derejede mähirli garaýandygy duýulýar. Uly bolmadyk myhmanhananyň mysalynda adamlaryň bu oba ýerini nähili söýgi bilen gurandyklaryny göz öňüne getirip bolýar: kofe içilýän ýerler, kiçiräk restoranlar, söwda dükanlary, kilometrlere uzap gidýän daşdan elde salnan kiçiräk köçeler we köpsanly köprüjikler, agaçdan ýasalan we çeper boýalan stollar we oturgyçlar... Bularyň ählisiniň jemi millionlarça syýahatçylaryň dynç almak üçin özboluşly ýerini emele getirdi.
Şeýlelikde, syýahatymyza gaýdyp geleliň. Biz otaglarymyzda ýerleşdik. Eýýäm myhmanananyň bellige alnyş ýerinde Internet baglanyşygy birikdirildi: login/parol; pasport belgisi/otag belgisi. Smartfonum derrew baglanyşyga birikdirildi, emma kompýuterimiň Wi-Fi baglanyşygyna birikdirilmegi biraz kynrak ýagdaý döretdi. Ýöne men çözgüdini tapdym – ýanymda gysgajyk (uzynlygy metrden az) sim bardy. Ony özbaşdak birikdirdim, emma ynamdarlyk üçin bellige alnyş ýere jaň etdim. “Kömekçimiň” özi hem otagda sim arkaly Internet baglanyşygyna birikdirip bolýandygyny bilmedi. Öýjügiň we ştekeriň gabat gelýändigine göz ýetirip, ol köneje kompýuterimiň başyna geçdi. Birnäçe hereketlerden soň, awtorlaşdyrmasyz Internet işläp ugrady we monitorda özünde ähli bilimleri jemlän GOOGLE peýda boldy.
Mugt Wi-Fi baglanyşygyndan başga-da, amatlyklaryň içinde kiçi bar we hemra ýaýlymly suwuk kristal ekranly telewizor bar. Agaç polly otaglarda örän owadan ýorgan-düşekler hem hödürlenilýär.
Käbir otaglarda ýatylýan jaýlar üçekde ýerleşdirilip, aýratyn myhman otagy hem bar.
Myhmanhanada açyk asmanyň aşagynda ýerleşdirilenen eýwanda restoran işläp, ol ýerde adaty türk ertirlik naharlary we sebit aşhanasynyň tagamlary berilýär.
Howuzyň ýanynda snek-bar hem işläp dur, ol ýerde sowuk naharlary sargyt edip bolýar. Myhmanlaryň hyzmatyna balkonly we panorama görnüşli örän owadan otaglar, şeýle-hem agaç bilen örtülen we şezlongly açyk howuz hem bar.
Antmare myhmanhanasy Alaçaty şäheriniň merkezinden 3 km uzaklykda ýerleşýär. Myhmanlaryň hyzmatyna mugt awtobmobil duralgasy hereket edýär. Myhmanhananyň töweregindäki güýmenje görnüşlerine çakyr dadyp görme, windsýorfing hem-de pyýada syýahatçylygy girýär.
Myhmanhanalaryň deslapky sargyt web-hyzmatlarynda bu myhmanhanada iki orunlyk otagyň 7 gündiz we 6 gije bahasy 1000 we 1200 amerikan dollar aralygynda üýtgäp bilýär.
Biziň syýahatçylygymyzyň maksatnamasyna laýyklykda günüň ikinji ýarymynda Alaçatynyň köçeleri we butikleri boýunça ekskursiýa göz öňünde tutuldy.
Alaçaty – Türkiýeniň ajaýyp ýerleriniň biri bolup, ol Izmire golaý Çeşme etrapçasynda ýerleşýär. Sebit baradaky ilkinji ýatlamalar XIV asyryň resminamalarynda bellenilýär, ol ýerde “Agriliýa” ady bilen geçýär. Geçmişde Alaçaty möhüm deňiz porty bolup, çakyr önümçiligi bilen meşhurdy. Häzirki adyny oba Osmanly döwründe alyp, Balkan urşuna çenli bu ýerde esasan grekler ýaşaýardy.
Egeý deňziniň merjeni hasaplanylýan bu şäher soňky ýyllarda meşhur dynç alyş ýerine öwrüldi. Bu ýeri esasan hem Ortaýerdeňziň yssysyndan gaçmak isleýänler gowy görýär.
Gyş möwsüminde Alaçatynyň ilat sany 8 müňden gowrak adama barabar bolýar, tomus möwsüminde bolsa bu ýerde 40-45 müň adam ýaşaýar.
Hemişelik şemallaryň netijesinde Alaçaty bütin ýylyň dowamynda hem ýerli, hem daşary ýurt sýorferleri özüne çekýär.
Şäher taryhy ýadygärlik diýlip yglan edildi, we ýerli binagärlige laýyk bolmadyk binalaryň gurulmagy gadagan edilendir. Ýerli häkimiýet iki gatdan beýik jaýlary gurmagy gadagan etdi. Ähli binalarda mebelleriň diňe agaçdan ýa-da metaldan ýasalandygyny belledik, bu diýmek hiç hili, hatda Koka-Kola ýazgyly plastik stollar we oturgyçlar ýokdur. Munuň netijesinde biziň günlerimize çenli Alaçaty özboluşly atmosferasyny we taryhy keşbini saklamagy başardy.
Alaçaty özüniň taryhy degirmenleri bilen hem meşhurdyr.
Bu degirmenler Alaçatynyň nyşany bolup, köpsanly syýahatçylary özüne çekýär.
Banu ýol beledimiziň aýtmagyna görä, ozal 20-den gowrak degirmenler bardy, häzirki wagtda olaryň 4-si saklanyp galdy.
Alaçatydaky degirmenleriň ýerleşýän depesi Alaçatı Yeldeğirmenleri Parkı diýlip atlandyrylýar. Degirmenler 150 ýyl mundan ozal gurulyp, bugdaýy we bulgury üwemek üçin ulanylýardy. Ýel degirmenleri Çeşmäniň häkimligi tarapyndan dikeldilip, indi bolsa restoran we kafe hökmünde hyzmat edýär. Degirmenler 1850-nji ýyllarda gurlup, Egeý deňzine we ajaýyp gün ýaşmalaryna panorama görnüşine açylýan depede ýerleşdirildi.
Şeýle-de Banu sebitiň endemiki ösümliklerine baýdygyny aýtdy. Hakykatdan hem, Alaçaty özüniň endemiki ösümlikleriniň dürlüligi bilen bellidir.
Bu sebit özboluşly flora aýratynlyklary bilen meşhur bolup, olar gaýtalanmajak atmosferany döredýär. Şalfeýiň we timýanyň dürli görnüşleri ýaly endemiki ösümlikler, esasan hem, ýaz we tomus möwsüminde howany ýakymly ys bilen gurşap alýar. Alaçatyda her ýyl “Ot festiýaly” ady bilen meşhur ösümlik festiwaly geçirilýär. Bu festiwal ilkinji gezek 2010-njy ýylda sebitiň medeni gymmatlyklaryny özgertmek we gorap saklamak maksady bilen geçirildi. Festiwalyň dowamynda täze we guraldylan ýerli otlaryň we ösümlikleriň köp sanysyny görüp we dadyp bolýar.
Bu hakykatdan hem, seýrek waka bolup, köpsanly syýahatçylary we tebigaty söýüjileri özüne çekýär. Şeýle-de Alaçatyda festiwalyň dowamynda janly saz konsertler geçirilip, ýerli otlaryň we gülleriň ulanylmagy bilen dürli tagamlar bişirilýär. Banu, esasan hem, ýaşyl nohutly naharlaryň uly meşhurlyga eýedigini aýdýar.
Tagamlar barada gürrüň edip, biz ýanýodadaky Erol Kumrucu üýtgeşik atly kafe duş geldik. Izmiriň ýerli aşhanasy bilen tanyş bolmadyklar üçin kafe eýesi jenap Erol kepderileri köpeldýär diýip pikir eder. Emma bu ýerde kumru, baýoz, gewrek, tulum we beýleki ekzotik atly türk naharlarynyň at aýratynlygy barada aýdylýar. “Kumru” atly Izmiriň sendwiçi öz adyny kepderini ýatladýan görnüşinden alyp gaýdýar. Onuň çöregini nohut maýasyndan taýýarlap, oňa tulum peýniri, ýaşyl burç we pomidor goşýarlar. Bu sowuk sendwiç eýýäm 150 ýylyň dowamynda boýoz we gewrek bilen bilelikde adaty izmir ertirlik naharynyň bölegidir. 1950-nji ýyllarda “çeşme kumrusu” atly şöhlatçaly we salýamili gyzgyn kumru görnüşi döredildi. Ol has ýokumly bolup, nusgawy kumrudan tapawutlanýar.
Oturgyçlary agaç stoluna ýakynrak çekip, biz sendwiç menýusyna göz gezdirip başladyk. Erol beýiň sendwiç görnüşleriniň arasynda Yengen Kumru, Çılgın Kumru, hatda Psikopat Kumru görnüşlei bardy. Biz pikrilenip, ýönekeý Ýengen Kumru “kepderini” sargadyk. Sendwiç ýokumlykeni, we ýoldaşlarym miwe şirelerini, limonad we kola sargadylar men bolsa däplere ygrarly galyp, “kepderiniň” yz ýanyndan türk aýranyny içdim.
Yengen we Çılgın sendwiçleriň bahasy 250 we 260 türk lirady, “psikopat kepderiniň” bahasy bolsa 450 türk lira bolup, elbetde ol iki paýlyk görnüşindedi.
Alaçatyda agşam düşdi. Biz bolsa howlukman çaý we kofe içip oturan syýahatçylaryň ünjüsiz gürrüňlerini synlap ýolumyzy dowam etdik. Wagt haýallan ýalydy. Bezeg çyrajyklary we ýol yşyklary köçeleri hem-de ýanýodalary sazlaşyk we rahatlyk dünýäsine öwürip, gündiz galmagaly we aladalary yzda goýýar.
Bu gezelenç we ajaýyp ýeriň howasyndan lezzet almak üçin birkemsiz pursatdyr.
ORIENT news