Izmire syýahatçylyk: gijeki gatnawdan irki başdan geçirmelere çenli
02.10.2024 | 15:15 |Meniň gyzykly syýahatym eýýäm Turkish Airlines uçarynda başlandy, ol ýerde meni mähirli we mylaýym ýylgyryşlar bilen garşy aldylar. Aşgabat-Stambul gatnawy gijäniň bir wagtynda (03:20) amala aşyrylandygyna garamazdan, bizi ajaýyp uniformaly owadan stýuardessalar ruhubelent ýylgyryşlary bilen garşy aldylar. Uçaryň kapitany bize ýüzlenip, 4 sagada golaý wagtyň dowamynda amala aşyryljak uçuş barada aýdyp berdi. Şeýle-de ol uçuşyň beýikligi we tizligi barada maglumat berip, Turkish Airlines howa ýollaryny saýlap alanymyz üçin minnetdarlygyny bildirmek bilen, gowy uçuş arzuw edip, bize pes derejeli turbulentlikli asuda syýahatçylyk garaşýandygyny belledi.
Uçuş wagtynda ýer bilen aragatnaşygyny ýitirmek islemeýän ýolagçylar üçin uçarda Internet hyzmatlary elýeterlidir. Oňa birikmek üçin gollanmalardaky QR-kody ulanmaly.
Rahat kürsä ýerleşip, men ýatmak barada oýlanyp otyrkam, elim isle-islemez monitoryň pultuna uzaldy. Monitorda bolsa dünýäniň dürli dillerinde filmler görkezilip, nämä seretjegimi bilmedim. Gulaklyklary dakyp golliwud filminiň, ýeňil drama-komediýa atmosferasyna siňip gidýärsiň. Arman tebigat üstün çykýar, birden uka batyp gidýärsiň...
Belli bir wagtdan men ýaňy bişirilen türk çöreginiň ýakymly ysyndan we daş-töweregimdäki çala hysyrdydan oýandym – stýuardessa ertirlik naharyny paýlap ýördi. Türk stilinde ertirlik nahary örän tagamlydy: peýnir, zeýtun, aýran, pyrtykal suwy we "menemen" – pomidorly, süýji ýaşyl burçly we dürli hoşboý huruşly, üwelen gara we guraldylan gyzyl burçly omlet. Höwesjeňler üçin uçarda has ajy içgiler hem bardy! Çaý, kofe we miweli suwlar tutuş uçyşyň dowamynda hödürlenilýärdi.
Ertirlik naharymy edinip, men ymykly ýatmak kararyna geldim, sebäbi Stambula çenli ýene iki sagat wagt bardy. Haçan-da stýuardessasynyň mylakatly sesi biz Stambulyň halkara howa menziline gonandygymyz barada habar berende, men oýandym. Bu ýerde uçyjylaryň ýokary hünär taýýarlygy barada bellemek zerur: şeýle ägirt uly “demir guşy” sürüp, onuň emaý bilen uçmagyny we sessiz gonmagyny diňe öz işiniň ussatlary başarýar.
Stambul bizi ertirki salkyn howa we Gara deňzinden ýeňiljek şemal bilen garşy aldy. Biziň howa menzilimiz bilen deňeşdirilende, Stambulyň halkara howa menzili has ulykeni. Migrasiýa gözegçiligini geçip, ýoldaşym bilen goşlaryň berilýän ýerine ugradyk. Ol goşuny Aşgabatda tabşyrdy, men bolsa el goşumy uçara ýanym bilen aldym (eger-de ölçegleri rugsat berilýän bolsa 8 kg çenli goşy ýanyň bilen soragsyz alyp bolýar, 30 kg çenli goşlary bolsa mugt tabşyryp bolýar). Meniň ýoldaşym goşuna garaşyp duran wagty, men Stambulyň howa menziliniň Internetine baglandym (pasporty skanerden geçirip, Wi-Fi parolyny alyp bolýar).
Birnäçe wagtlap durup, goşuny alyp bilmän, ýoldaşym howa menziliniň hünärmenine goşunyň kagyz bölejigini görkezdi. Ol bolsa ýylgyryp, goşuň gutarnykly nokat bolan Izmire çenli resmileşdirilendigini düşündirdi. Şonda meniň ýoldaşym Aşgabatda howa kompaniýasynyň hünärmenleri goşy üstaşyr resmileşdirilmegini teklip edendiklerini ýatlady, belki-de ýadawlykdan we ukysyzlykdan ýaňa ol ýadyndan çykarandyr. Biziň bagtymyza, uçuşa çenli 1,5 sagada golaý wagtymyz bardy, we biz Stambul-Izmir sepleşme-gatnawyna ýetişdik. Munuň bilen biziň başdan geçirenlerimiz tamamlanmady...
Uçuş 45 minut wagtda amala aşyrylmalydy, emma biz uçaryň eýýäm iki sagada golaý howada bolandygyna göz ýetirdik. Ýolagçylar alada edip başladylar, we stýuardessalaryň aljyraňňy ýüzlerinden ýagdaý dartgynlaşýandygyny aňdyk. Emma muňa garamazdan, biziň uçarymyz gondy... ýöne Izmirde däl-de, Bodrumyň howa menzilinde (Ortaýer deňziniň iň gowy kurortlarynyň biri). Asyl, Izmiryň howa menziline düşen güýçli duman uçarlary kabul etmäne mümkinçilik bermändir. Şeýledir! Häzirki zaman ýokary tehnologiýalar dünýäsinde adamlaryň tebigatyň aýratynlyklaryna bagly bolup durýandygy geňdir.
Uçardan çykman, 20 minuda golaý dumanyň ýaýrap ýazylyp gitmegine garaşmaly bolduk. Kapitan ýetirilen närahatlyklar üçin ötünç sorap, indi biziň hakykatdan hem Izmire uçýandygymyz barada habar berdi. Mundan soň basym uçarymyz gondy.
Izmiryň howa menzilinde ertirden bäri (4 sagada golaý) biziň ýol beledimiz – rus dilinde ýeterlikli gowy gürleýän Banu atly gözel gyz garaşyp durdy. Onuň biziň üçin biynjalyk bolandygy görünýärdi. Köp wagtdan bäri garaşan goşumyzy alyp, biz “Sprinterimize” çenli ýetip, Egeý deňziniň kenaryndaky Çeşme atly ýerde ýerleşen myhmanhanamyza ugradyk. Ýol bir sagada golaý wagt aldy, we mikroawtobusyň aýnasyndan Ioniýanyň ajaýyp manzaralarynyň – Kiçi Aziýanyň günbatar kenarýakasyndaky taryhy ýeriň foro suratlaryny aldyk. Ol özüniň ajaýyp tebigaty we baý taryhy bilen meşhurdyr. Başdan geçirmeler dowam etdi, emma bu barada indiki hekaýalarda.
ORIENT news