Iň täze habarlar

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 60 medal gowşurylar

26.11.2023 | 23:30 |
 Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 60 medal gowşurylar

Şenbe güni, 25-nji noýabrda agşam Aşgabatda 14-nji Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara, Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki 5 müň orunlyk Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda boldy.

Açylyş dabarasy dünýä çempionatyna gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklarynyň çykarylmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu çempionatyň dünýä sportynyň taryhynda möhüm waka öwrülip, kuraş boýunça türgenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga, Olimpiýa hereketini wagyz etmekde, parahatçylygy, dostluk we halkara sport hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirilýän ýüzlenmesi okaldy.

Ondan soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi we ýurdumyzyň Tugy galdyryldy.

1-2.jpg

Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farman ýygnananlara ýüzlenip, türkmen tarapynyň bu ýaryşy geçirmek üçin iň amatly şertleri, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny döredendigini belledi. Ol IKA-nyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa uly goldawy we kuraş göreşiniň ösmegine goşan goşandy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Soňra Türkmenistan hakda wideoýazgy görkezildi, soňra bolsa, sungat işgärleri we tans toparlary mazmunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

2-3.jpg

Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Onda 27-28-nji noýabr aralygynda erkekleriň arasynda ýedi we zenanlaryň arasynda sekiz agram kategoriýasynda iň ussat pälwanlar kesgitlener. 46 ýurtdan 243 sany türgen 60 medal - 15 altyn, 15 kümüş we 30 bürünç ugrunda bäsleşerler.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: