Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
21.11.2023 | 00:22 |Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şol sanda sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi mälim edýär.
"Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şeýle hem sebit gün tertibindäki meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar" diýlip, habarda bellenýär.
Ondan öň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow diplomatik işini tamamlan Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Batyr Niýazliýewe strategik ähmiýetli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin hoşallyk bildirdi.
Golaýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.
ORIENT news