Iň täze habarlar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar

12.03.2025 | 14:35 |
 Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar

Gazagystanda çagalar üçin niýetlenilen SIM-kartalary girizmek boýunça taslamanyň üstünde işler alnyp barylýar. Ol çagalary Internetdaky islenilmeýän maglumatdan goramaga gönükdirilendir. Magaryf boýunça wise-ministr Ýedil Ospan SIM-kartalaryň belli saýtlara we sosial ulgamlara bolan elýeterliligi çäklendirmäne mümkinçilik berjekdigini hem belledi. Ata-eneler bolsa, çagalarynyň ykjam enjamlaryny ulanyşyna gözegçilik edip bilerler.

SIM-kartalaryň bellige alnyşy şahsy identifikasiýa belgisi (ŞIB) hem-de çaganyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasynyň belgisi boýunça amala aşyrylar. Mundan başga-da, ykjam gollanma arkaly geolokasiýa hyzmaty hem elýeterli bolar. Munuň özi ata-enelere öz çagalarynyň ýerleşýän ýerinden habarly bolmaga mümkinçilik berer.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: