Iň täze habarlar

Türkmenistanda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi yglan edildi

07.11.2023 | 11:00 |
 Türkmenistanda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň ýaş ýerine ýetirijileri “Ýylyň parlak ýyldyzy” estrada aýdymçylarynyň milli bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşik, Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda zehinli aýdymçylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Dekabr aýynyň ahyrynda jemlenjek döredijilik marafony üç basgançakda geçiriler. Gatnaşmak üçin 17-35 ýaş aralygyndaky türkmen aýdymçylary çagyrylýar. Bäsleşik barada giňişleýin maglumatlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Her ýyl geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi eýýäm, 15-nji gezek geçirilýän ýaryşdyr. Bäsleşigiň ýeňijileri diňe bir baýraga däl, eýsem ýurduň meşhur estrada aýdymçylarynyň arasynda mynasyp orny eýeläp, halkyň söýgüsine hem mynasyp bolýarlar.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: