Iň täze habarlar

Neýmar Saud Arabystanynyň futbol kluby bilen şertnama baglaşdy

16.08.2023 | 15:58 |
 Neýmar Saud Arabystanynyň futbol kluby bilen şertnama baglaşdy

Neýmar Saud Arabystanyndan “Al Hilal” klubuna goşuldy. Braziliýaly hüjümçi dört ýyl fransuz çempionatynda çykyş edensoň, PSG-den gaýtdy. Ol ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy.

Geçiriş mukdary 100 million ýewro bahalandyrylýar. Al Hilal täze oýunçyny onuň gatnaşmagynda wideoşekil ýerleşdirmek arkaly öz sosial ulgamlarynda tanyşdyrdy. Neýmar Saud Arabystanynyň klubuna geçendigine begenýändigini beýan etdi we janköýerlerine iň gowy futbol başarnyklaryny görkezmegi wada berdi.

Neymar 2017-nji ýylda 222 million funt sterlinge Barselonadan PSG-ä goşuldy. Parižliler üçin ol 173 oýna gatnaşdy, 118 pökgi geçirdi we 77 assist berdi. Bäş gezek Fransiýanyň çempiony boldy we üç gezek ýurduň kubogyna mynasyp boldy.

ORIENT news

Foto: championat.com

Şeýle hem okaň: