Iň täze habarlar

Sürüjisiz ulaglar, robotlaşdyrylan el, eko-printerler: innowasion pikirleriň bäsleşiginde türkmen ýaşlary näme görkezýär

13.06.2023 | 10:16 |
 Sürüjisiz ulaglar, robotlaşdyrylan el, eko-printerler: innowasion pikirleriň bäsleşiginde türkmen ýaşlary näme görkezýär

Innowasiýa dünýä ykdysadyýetinde barha has möhüm we täsirli faktor bolup barýar. Tehnologiýalaryň ylmy-tehniki ösüşiň döwrebap derejesi dürli ýurtlarda innowasion ykdysadyýete geçişi kesgitleýär. Şeýle ýoldan üstünlikli hereket etmek üçin ylmy mümkinçiligi dolandyrmagyň netijeli we ynamly mehanizmi bolmalydyr.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we öňdebaryjy oýlap tapyşlary işläp taýýarlamaga gönükdirilen işe olary çekmek Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan gurnalan innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini geçirmegiň esasy maksady boldy.

Ylymlar gününe bagyşlanan döredijilik görkezilişinde önümçiligiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak üçin ajaýyp taslamalary işläp düzmäge ukyply bolan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýokary synp mekdep okuwçylary, ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

ORIENT-iň habarçysyna ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň gürrüň bermeklerine görä, bäsleşik üç aý mundan ozal başlandy. Ylmy görkezilişiň birinji tapgyrynda ähli isleg bildirýänlere öz işläp düzmeleriniň adyny we häsiýetnamasyny ugratmaly bolupdylar. Ikinji tapgyr taslamalaryň ajaýyplygy we tapawutlandyryjy özboluşlyklary hakynda gürrüň berýän tanyşdyryşlaryň ýerine ýetirilmegini öz içine aldy.

Gurnaýjylar bu bäsleşigiň ösüp gelýän ýaş nesilde uly gyzyklanma döredendigini belleýärler. Gatnaşmak üçin ýaşlaryň köp sanlysy ýüz tutmalaryny tabşyrdylar, bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar düzüminiň garaşanyndan ýokary boldy. Hödürlenilen ýedi ýüz işden jemleýji bölümi iň gowy ýüz sany işläp taýýarlama seçilip alyndy. Hödürlenilen işläp düzmeler üçin olaryň innowasion usullara esaslanan bolmagy we önümçilige ornaşdyrmaga taýýar bolmagy möhümdi. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi:

— oba hojalygy we ekologiýa,

— biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, genetika, saglygy goraýyş,

— döwrebap lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy,

— nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallaryň öndürilmegi,

— robot tehnikasy we energetika,

— maglumat-kommunikasiýalar ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary,

— ykdysadyýet,

— ynsanperwer ylymlary we okatmagyň usulyýeti

Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň sergi zalyna aýak basanyňdan tehnologiki gurşawyň içine çümýärsiň we ýakyn geljekde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň ulanyljak köp sanly innowasion taslamalaryň şaýady bolýarsyň.

Bu ýerde plastik galyndylary gaýtadan işlemegiň galyndysyz tehnologiýasy, şeýle hem ýanyňda göterip boljak elektroterapewtik esbap, lopuh otunyň (tikenli gülüň) köküniň şiresinden edilen diş ýuwulýan pasta hem bar. Gran-pri baýragy we bäsleşigiň hormatly ýeri üçin göreşjek eko—3D printer, robotlaşdyrylan el, elektrik bilen işleýän welosiped we başga-da köp taslamalar öz orunlaryny tapdylar.

Oýlap tapyjylaryň her biri özboluşly pikirlenmä, döredijilik hyýallaryň hyjuwyna we çäksiz bilesigelijilige eýediler. Ýaş we geljegi uly bolan awtorlaryň käbirleri ORIENT-e bäsleşigiň maksatnamasyna goşulan öz işläp düzmeleri hakynda gürrüň berdiler.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Jemal Meredowa Arkadag şäherini ýurduň beýleki ilatly nokatlary bilen birleşdirjek ýokary tizlikli demir ýol şahalarynyň ýol düşekleriniň maketini hödürledi.

Bu taslamany ýerine ýetirmek pikiri şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Arkadag şäherine baranda, ol ýerde ýolagçy demir ýol daşamalary meselesini ara alyp maslahatlaşanda döräpdi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Kerim Nazarow synag tejribesini geçirmegi karar etdi we F-5G planerini döretdi. Ýaş hünärmen taslamanyň üstündäki işiň gyzykly we özüne çekiji bolandygyny, ony dolulygyna diýen ýaly öý şertlerinde ýerine ýetirendigini gürrüň berýär. Sürüjisiz uçýan enjam surata düşürýär we ýük daşamalaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Şeýle hem dürli ugurlardan taslamalary hödürlän türkmen mekdepleriniň okuwçylary hem innowasion pikirleri bilen paýlaşdylar.

ORIENT bäsleşigiň netijeleri bilen öz okyjylaryny indiki çap etmelerinde tanyşdyrar.

Foto: awtoryňky

Şeýle hem okaň: