Bilermenleriň bahasy: Türkmenistanda ses berişligiň guralşy tankyda ýer goýmaýar
28.03.2023 | 03:13 |ORIENT-iň habar berşi ýaly, duşenbe güni Aşgabatda brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçylygy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň, ŞHG-nyň we Türki döwletleriniň guramasynyň halkara synçylary gatnaşdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanda geçirilen Parlament saýlawlarynyň netijeleri, şol sanda GDA-nyň synçy missiýasynyň netijeleri baradaky işleriň deslapky netijeleri yglan edildi.
Käbirleriniň çykyşlarynyň esasy ýerini size ýetirýäris.
Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy Igor Borisow:
− Geçen saýlawlara, saýlaw işleri bilen meşgullanýan hünärmen hökmünde bilermen bahasyny bermek isleýärin. Türkmenistanyň halky syýasy karar berdi, biz bolsa GDA-nyň synçylary hökmünde Mejlisiň deputatlaryna, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we ýerli dolandyryşyň halk geňeşleriniň agzalaryna dalaşgärlere ses bermek işini guramak we geçirmek bilen tanyşdyk.
Öňüsyrasynda möhletinden öň ses berişlige, ýekşenbe güni bolsa saýlaw uçastoklarynyň açylmagyna, saýlawçylaryň isleginiň beýan edilmegine we sesleriniň sanalmagyna syn etdik.
Biz Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyndan, welaýatlaryň saýlaw toparlaryndan, okrug saýlaw toparlaryndan, etraplaryň saýlaw toparlaryndan, genşeliklerden başlap we tä uçastok saýlaw toparlaryna çenli, ähli derejedäki saýlaw toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdyk, gürleşdik we ýakyndan işleşdik.
Baran saýlaw uçastoklarymyzyň hemmesinde beýleki guramalardan halkara synçylar we ýönekeý saýlawçylar bilen söhbetdeş bolduk. Olara «Şikaýatyňyz ýa-da belligiňiz barmy?» diýen sowaly berdik. Ýöne jogaby inkär edijidi we bu begendiriji.
GDA-nyň synçy missiýasynyň çäginde diňe kiçi toparymyz Aşgabatdaky we welaýatlardaky ondan gowrak saýlaw uçastogyna baryp gördi. Mümkin boldugyça obýektiw seljermek üçin GDA-nyň Missiýany kiçi toparlara böldük we dürli welaýatlara aýlandyk ...
Bahalandyryş netijelerimiz, şahsy synlamalaryň we hakyky materiallaryň netijelerine esaslandy. Biz Türkmenistanyň saýlaw guramalary ulgamyndaky kärdeşlerimiziň ýokary hünärli işini belledik. Erkin isleg işini guramak diňe bir tankyt üçin däl, hatda aýry bellikler üçinem ýer goýmaýar.
Biz saýlawçylaryň isleginiň erkin beýan edilmegine ýardam berýän saýlaw işini guramak nukdaýnazaryndan aýdýarys. «Köne demokratiýa» diýilýän beýleki ýurtlardan tapawutlylykda saýlaw resminamalaryny görmek, surata düşürmek we wideo düşürmek üçin ähli zerur maglumatlar berildi.
Ýene-de goşjak zadym Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Karary bilen 2021-nji ýylda kabul edilen «Raýatlaryň saýlaw hukuklaryny goramak we GDA agza ýurtlaryň saýlaw özygtyýarlylygynyň kepillikleri barada beýannama» laýyklykda, GDA agza döwletler GDA agza ýurtlaryň saýlaw işine beýleki döwletler, birleşikler we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan goşulmak synanyşygyny ýazgarýar, we şeýle gatyşmagy döwletleriň özygtyýarly deňligi ýörelgeleriniň bozulmagy we içerki işlerine goşulmazlyk diýip hasaplaýar.
Şol sebäpden, kärdeşlerimiz bilen maglumat alyşmaga, ösüşleri paýlaşmaga, şol sanda GDA agza ýurtlaryň saýlaw guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeş geňeşiniň çäginde geçen ýyl döredilen zatlary paýlaşmaga taýýardyrys. Özara hyzmatdaşlyk baradaky teklipler Türkmenistanyň MST-nyň başlygy bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy we bu işi dowam etdirmäge taýýardyrys.
Häzirki wagtda, meniň pikirimçe, GDA-nyň missiýasynyň wezipesi ösüşiň durnuklylygyny we durnuklylygy üpjün etmekde, Türkmenistanyň halkyna daşarky päsgelçiliksiz we basyşsyz has demokratik ýoly özbaşdak saýlamaga mümkinçilik bermek maksady bilen wezipesi öňkülerinden has möhüm bolýar.
Gazagystan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň agzasy Şawkat Utemisow hem öz täsirleri bilen paýlaşdy:
− Türkmenistana baran badtňa, türkmenleriň öz ruhy mirasyna, baý taryhyna eserdeň garaýşy dessine göze ilýär. Bularyň hemmesi bu ýurtda ýaşaýan adamlaryň mentalitetiniň bir bölegidir. Ýöne türkmenleriň öz ýurdunyň geljegine nähili jogapkärçilikli gatnaşyk bilen garamagy möhümdir. Türkmen halkynyň häzirki saýlawlara aňly, jogapkärçilikli we çynlakaý çemeleşendigi bellärliklidir. Bu garaýyş sebäpli, saýlawlar milli kanunçylyga doly laýyklykda gatnaşmakda, ýokary derejede geçdi. Şol sebäpden, GDA-nyň synçy missiýasynyň agzalarynyň pikirine doly goşulýaryn we ähli türkmen halkyna döwletiňiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we üstünlikler arzuw edýärin.
GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň Baş sekretarynyň geňeşçisi Sergeý Karawaýew Arkalaşygyň möhüm integrasiýa guramasyna wekilçilik etdi. GDA-nyň PAA-y geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda milli kanunlary sazlaşdyrmak we GDA agza ýurtlar üçin umumy kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek maksady bilen maslahatlary geçirmek, maslahat beriji kanunçylyk işlerini işläp düzmek üçin döredildi.
– GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň agza döwletleriniň raýatlarynyň demokratiýanyň ösüşine gözegçilik etmek, parlamentarizm we saýlaw hukuklaryna gözegçilik etmek boýunça halkara institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyny seljerip, onuň halkara demokratik ülňülerine doly laýyk gelýändigi barada netijä geldiler.
Saýlaw uçastoklaryna baryp görmek, saýlawçylar, saýlaw guramaçylary we ş.m. bilen duşuşyklardan galan şahsy täsirler barada aýdylanda bolsa, biz, GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň sekretariatynyň wekilleri, Mary we Baýramaly şäherlerinde parlament saýlawlarynyň taýýarlanylyşyna we geçirilişine gözegçilik etdik. Saýlaw uçastoklary wagtynda açyldy, ses berişlik beýleki synçylaryň köpüsiniň belleýşi ýaly baýramçylyk howasynda geçdi. Saýlawçylar işjeň boldular, irden tutuş maşgalalary bilen saýlaw uçastoklaryna geldiler.
Saýlawlary guraýjylaryň işine, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň başarnyk derejesine hormat goýmalydyrys - olar öz işini bilýän, gowy taýýarlykly adamlardy. Bu, ilki bilen Merkezi saýlaw toparynyň eden işi. Biziň deňeşdirerlik zadymyz bar. Çünki bizn gulluk borjumyz sebäpli dürli ýurtlara baryp görýäris, şonuň üçin Türkmenistandaky toparlaryň agzalarynyň gaty gowy taýýarlanandyklaryny esasly aýdyp bilerin. Resminamalar doly düzgüne laýyk. Enjamlar, ses beriş kabinkalary, saýlaw gutulary – bularyň hemmesi halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýär. Şeýle taýýarlyk hat-da iň uzakdaky saýlaw uçastoklarynda hem görülipdir.
Türkmenistan GDA-nyň Parlametara assambleýasynyň işine işjeň gatnaşýar. Biz, eýýäm saýlanan täze parlamentiň hem Arkalaşygyň PAA-nyň çäginde beýleki ýurtlardaky kärdeşleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigine umyt edýäris.
ORIENT news