Iň täze habarlar

Le.Travel syýahatçylyk agentligi atçylyk fermasynda güýzki gezelenje çagyrýar

10.10.2025 | 13:50 |
 Le.Travel syýahatçylyk agentligi atçylyk fermasynda güýzki gezelenje çagyrýar

Le.Travel syýahatçylyk agentligi güýzki dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, hemmeleri atçylyk fermasynda ýatdan çykmajak wagty geçirmäge çagyrýar. Öňünden sargyt etmek eýýäm açyk, gatnaşmak hem çagalar, hem-de ulular üçin mümkindir.

Myhmanlara işjeň dynç alyş we atlar bilen aragatnaşyk garaşýar: at gezelençleri, haýwanlara ideg etmek, iýmitlendirmek we ýadygärlik suratlara düşmek mümkinçilikleri döredilýär.

Туристическое агентство Le.Travel.jpg

Mundan başga-da, gatnaşýanlar milli türkmen tagamlaryndan lezzet alyp bilerler: milli usul boýunça odunda bişirilen tagamly palaw, hakyky tamdyrda çörek bişirmek boýunça ussatlyk sapagy we süýji “pişme” tagamlarynyň dadylmagy.

Туристическое агентство Le.Travel.jpg

Fermanyň özboluşly gurşawy arassa howa, ajaýyp tebigat görnüşleri we ýakymly duýgular bilen myhmanlara şatlykly pursatlary sowgat berer. Bu syýahat türkmen däp-dessurlary we myhmansöýerligi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredip, tutuş maşgala üçin ýatdan çykmajak pursatlary döreder.

Туристическое агентство Le.Travel.jpg

Le.Travel syýahatçylyk agentligi gyzykly, peýdaly we rahat dynç alyş üçin ýerleri öňünden sargyt etmegi maslahat berýär. Туристическое агентство Le.Travel.jpg

TikTok: @le._travel.tm;

Instagram: @le.travel.tm

Giňişleýin maglumat üçin telefon belgileri: +99365 98-34-34

ORIENT

Foto: Le.Travel syýahatçylyk agentligi

Şeýle hem okaň: