Iň täze habarlar

MST-y Türkmenistandaky parlament saýlawlary geçirildi diýip ykrar etdi

27.03.2023 | 11:22 |

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň agzalarynyň we geňeşiň 26-njy martdaky saýlawlaryny tutuş ýurt boýunça 2644 saýlaw uçastogynda geçdi diýip ykrar etdi.

Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow halkara synçylarynyň we KHBS-niň gatnaşmagynda geçirilen jemleýji brifingde beýan etdi.

Saýlawlara jemi 3 million 185 müň 763 adam gatnaşdy, bu bolsa hasaba alnan saýlawçylaryň 91,12%-ne deňdir.

Saýlawlaryň gidişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşmeleri we raýat toparlary tarapyndan hödürlenen 2 müň 855 milli synçylar syn etdiler.

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: