"Türkmenistan" awiakompaniýasy Moskwa gatnawlaryñ wagtlaýyn duruzylmagynyñ möhletini uzaltdy
04.02.2025 | 18:10 |"Türkmenistan" awiakompaniýasy Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryñ 28-nji fewrala çenli ýatyrylýandygy barada habar berdi.
Awiakompaniýanyñ sosial ulgamlarda habar berişi ýaly, mejbury gaýtaryşy resmileşdirmek üçin awiabiletiñ satyn alnan ýerine ýüz tutmak bolar.
Ozal daşaýjynyñ 30-njy dekabrdan 31-nji ýanwara çenli Russiýanyñ paýtagtyna uçuşlary wagtlaýyn duruzandygy barada ýatladýarys. Häzirki wagtda Aşgabat bilen Moskwa aralygyndaky göni gatnawlar S7 awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.
ORIENT News