Aşgabatda ýaşlaryň ylmy ýarmarkasy geçiriler: 14-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň döwrebap taslamalary
20.02.2023 | 01:18 |Biziň günlerimizde ýaşlary ylma çekmek meselesi milli ösüş strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda durýar. Tutuş dünýäde ösüp gelýän nesilleri ýokary hilli okatmaga hem-de olary ylmy-tehniki döredijilige höweslendirmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda-da şeýle çemeleşmeden ugur alynýar: tomsuň başynda Aşgabadyň mekdebi ylmy ýarmarkany we milli taslamalaryň bäsleşigini kabul eder. Ol 12-nji iýunda bellenilýän Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlanýar.
Çäre 14-18 ýaş aralygyndaky ýaşlary bir ýere jemlär. Mekdebiň dolandyryş ulgamynyň goldamagynda AHM-niň 11-nji synp okuwçylarynyň üçüsi giň gerimli taslamanyň guraýjylarydyr. Taslamany guraýjylaryň biri Aýparça Ahmetjanowa geçiriljek çäre barada ORIENT-iň habarçysyna giňişleýin gürrüň berdi:
-- Ylmy ýarmarkany geçirmek baradaky pikire nähili gelendigiňiz barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris?
-- şeýle çäreler ABŞ-nyň mekdeplerinde hemişe geçirilýär, biziň mekdebimiz hem ençeme ýyllaryň dowamynda sergileri we ýarmarkalary geçirdi. Bize her ýyl STEM (ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika) ulgamyndan haýsydyr bir mesele, ýa-da tema boýunça ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berilýär. Biz meseleleri saýlaýarys hem-de tejribe geçirip, ýa-da olary çözmegiň täze nusgalaryny oýlap tapyp, olara jogap bermäge synanyşýarys. Biz şu mümkinçilikden ruhlandyk hem-de ony öz ýurdumyzda giňden ýaýratmak isledik. Şoňa görä-de, biz çärämizi Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlap, şeýle başlangyjy girizdik.
-- Siz nämelere garaşýarsyňyz?
-- Ol biziň özümiziň guraýan ilkinji ýarmarkamyz bolanlygy sebäpli, biz öz deň-duşlarymyzyň – 14-18 ýaaş aralygyndaky ýetginjekleriň gatmaşmagyny maksat edinýäris. Biz geljekde ýarmarkamyzyň beýleki ýaşdaky adamlaryň gatnaşmagy üçin hem elýeterli bolmagyny isleýäris. Her kim öz güýjüni barlamak hem-de häzirki zaman ylmy garaýyşlary peýdalanyp, jemgyýet üçin ol ýa-da beýleki wajyp meseläni açmak islär diýip, umyt edýäris.
Ýagny, biziň çärämiz – munuň özi ylym arkaly öz gyzyklanýan ugruňy beýan etmegiň usulydyr. Biz döwrebap pikirlenip bilýän we höwesjeň ýaş oglan-gyzlaryň has köp sanlysynyň gatnaşmagyna umyt edýäris.
-- Özüňiz barada, ýarmarkanyň guramaçylary barada gysgaça gürrüň beräýiň?
-- Bu çäräni men hem-de meniň iki sany joram: Swetlana Sura we Merýem Allamyradowa guraýarys. Biz Aşgabadyň halkara mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary. Biz ýarmarkany geçirmek barada pikirlenenimizde, bu pikiriň has uly, hat-da mümkin bolmadyk derejede ýaly göründi. Emma, biz örän çynlakaý çemeleşdik hem-de bu pikiri mekdebimiziň ylmy ýarmarkalar komitetine teklip etdik we ylalaşyk aldyk. Mekdebiň dolandyryjylary talamanyň tanyşdyrmasyny, okuw lageri hem-de ýarmarkanyň özüni geçirmek üçin mekdebiň çäklerini hödürlemäge ylalaşdylar.
-- Sizde guramaçylyk taýdan kömek edýän utgaşdyryjy barmy?
-- Onuň ýaly utgaşdyryjy ýok, ýöne, biz mekdebiň ylmy ýarmarkalar komitetine maslahatlar bilen ýüz tutýarys. Direktorymyz, doktor Jodi Býornsaýd biziň pikirimizi goldady, şoňa görä-de, biz oňa güýjümize ynanandygy üçin örän minnetdardyrys. Üç sany ýetginjegiň şeýle iri çäräni özbaşdak geçirjek bolmagy gülkünç ýaly görünmegi hem mümkin, ýöne, biz mekdebimiziň işieň öňdebaryjylary, meýletinçileri we örän hyjuwly okuwçylary bolup durýandygymyzy bellemek gerek. Ýetginjekler hökmünde biz bu serginiň şatlykly, ýatda galýan, iň esasy bolsa, oňa gatnaşyjylar üçin maglumat taýdan tejribe alyşylýan bolmagyny isleýäris.
-- Siziň çäräňiz beýleki ylmy bäsleşiklerden we taslama işleriniň ýaryşlaryndan näme bilen tapawutlanýar?
-- Haýsy ýaşdakylara niýetlenendigi bilen tapawutlanýar: çünki oňa sanly ulgamyň ornaşdyrylýan döwrüniň nesilleriniň wekilleri gatnaşarlar, ýagny garyşyk görnüşli bolar hem-de mümkin boldugyça has ünsi çekiji we akyl ýetiriş häsiýetine eýe bolar. Biz zerur bolan hemme onlaýn serişdeleri hödürläris, şeýle hem okuw lagerleriniň kömegi bilen taslamanyň tutuş dowamynda goldaw bermegi üpjün ederis. Munuň üstesine-de, biz gatnaşyjylara özleriniň döwrebap derejede pikirlenip bilýändiklerini ýüze çykarmagyna uly mümkinçilikleri bereris, çünki olarda saýlamaga doly erkinlik bolar: olar özlerini gyzyklandyrýan islendik ugry saýlap biler. Biz iňlis diline, döwrebap derejede pikirlenmäge ähmiýet bereris, şeýle hem oglanlary bolşy ýaly, gyzlary hem gatnaşmaga çagyrarys, olara ylmy usulyň kömegi bilen barlaglary nähili geçirmelidigini okadarys.
-- Gatnaşmagyň şertleri nähili?
-- Bary-ýogy üç şert bär. Birinjiden, gatnaşjaklaryň ýaşy 14-den 18 ýaş aralgynda bolmaly. Ikinjiden, olar topar döredip, ýygnanyşyp biler, ýöne, toparda üç adamdan köp bolmaly däl. Soňky şert: toparyň agzasynyň azyndan biri öz taslamasyny hödürlemek üçin iňlis dilini bilmelidir, çünki eminler iňlis dilinde gepleýärler.
-- Gyzykly söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň. Işiňiziň oňyn netijeleri berjekdigine umyt edýäris!
Ýarmarkadan başga taslamanyň tertipnamasynda ýene-de birnäçe möhüm bölümler bar, hususan-da: :
- 2023-nji ýylyň 5-nji marty: Ýarmarkanyň tanyşdyrmasy we taslamanyň başlanmagy;
- 2023-nji ýylyň 24-nji marty: Ylym işleriň synyny tabşyrmagyň soňky möhleti;
- 2023-nji ýylyň 2-nji apreli: Ilkinji okuw lageri;
- 2023-nji ýylyň 14-nji maýy: Ikinji okuw lageri;
- 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny: Ýarmarkany geçirmäge taýýarlyk;
- 2023-nji ýylyň 4-nji iýuny: AHM-niň ilkinji ylmy ýarmarkasynyň geçirilmegi;
Çärä degişli meseleler boýunça şu salgylar arkaly ýüz tutup bolar:
Telefon: +99312489028;
Elektron poçtanyň salgysy: ashgabatsciencefair@gmail.com.
Saparguly MAKHTUMOV