Biznes habarlary

Medeniýet ministrligi öz garamagyndaky binalaryň düýpli abatlaýyş işlerini geçirer
04.04.2023
|05:27
|668
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi öz garamagyndaky medeniýet we bilim edaralarynyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we ýanaşykçäklerini abadanlaşdyrmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi.

Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy
04.04.2023
|02:38
|1527
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň söwda toplumynyň üç günlük sergisi açyldy, onda ýurdumyzyň azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň, senagat önümleriniň, halylaryň we dokma önümleriniňöňdebaryjy öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Azerbaýjana awtoulag arkaly ýük daşalyşynyň ýönekeýleşdirilmegi türk harytlarynyň Türkmenistana daşalmagyny ýeňilleşdirer
04.04.2023
|02:26
|1201
Azerbaýjan aňsat ot alýan materiallaryň daşalmagy üçin tölegi, uly ýük awtoulaglary üçin şäher salgydyny ýatyrdy, araçäkden geçilmegi üçin ýygymlary azaltdy we olaryň çägini 41 tonna çenli artdyrdy – diýip, respublikadaky türkmen ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanda importy we eksport ýeňilleşdirmek üçin Söwda maglumatlarynyň Portalyna badalga berildi
04.04.2023
|02:06
|1428
Türkmenistanyň Söwda maglumatlarynyň täze Portalyna şu gün Aşgabatda açylan ýurduň söwda toplumynyň sergisinde badalga berildi. Saýt kiçi we orta telekeçilige önümi eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek bilen baglanyşykly maglumatlary tiz we amatly görnüşde tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň DHÇB-sy işini sanlylaşdyrmak boýunça tenderiň möhletini uzaltdy
04.04.2023
|02:03
|1360
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇB) öz işjeňligini sanlylaşdyrmagy işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça milli walýutada ozal yglan edilen açyk tenderiň möhletini uzaltdy.

Uzynada nebit ýatagynda nebiti arassalamak we sordurmak üçin täze desgany gurarlar
03.04.2023
|00:36
|963
«Uzynada» nebit ýatagynda nebiti separasiýa etmek, kondensaty ýygnamak we sorup almak üçin desgany gurarlar. Degişli halkara tender-bäsleşigi «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.

Arassa Nusga kompaniýasy sanly çözgütleri ulanmak arkaly maslahat beriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär
31.03.2023
|16:08
|1124
Arassa Nusga – bu işewürligiň eýelerine innowasion gurallaryň kömegi bilen dürli meseleleri çömäge kömek edýän maslahat beriş kompaniýasydyr. Firma maslahat beriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini, şeýle hem IT-babatynda hyzmatlary üpjün edýär we LOGO ERP, AKINSOFT ERP we Bitriks24-iň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky audit geçirmek üçin halkara tenderini yglan etdi
30.03.2023
|15:05
|864
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2022-nji ýylyň jemleri boýunça amallar bilen baglanyşykly töwekgelçilikler boýunça bankyň içerki gözegçilik ulgamynyň auditini geçirmek üçin halkara tenderini yglan etdi.

Türkmenistandan 100-e golaý telekeçi türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar
30.03.2023
|11:36
|893
Türkmenistanyň we Täjigistanyň telekeçileriniň Işewürler geňeşiniň birinji ýygnagy we işewürlik forumy şu ýylyň 6-njy aprelinden 8-nji apreli aralygynda Duşenbede geçiriler – diýip, Täjigistanyň «Howar» agentligi habar berýär.

Türkmen sogany eksport edilende 1 ga ýerden $5 müňe çenli girdeji alyp bolýar
30.03.2023
|10:27
|1962
Türkmenistan sogany esasy sebitleýin eksport edijileriň birine öwrülip biler – diýip, telekeçi, DIM-niň halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty Döwletgeldi Ballyýew hasap edýär, bu barada «Türkmenistan» gazeti üçin belliklerinde ýazýar.