Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky audit geçirmek üçin halkara tenderini yglan etdi
30.03.2023 | 15:05 |Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2022-nji ýylyň jemleri boýunça amallar bilen baglanyşykly töwekgelçilikler boýunça bankyň içerki gözegçilik ulgamynyň auditini geçirmek üçin halkara tenderini yglan etdi.
Ähli gyzyklanýan guramalar we kompaniýalar öz tekliplerini tender yglan edilenden soňra 30 iş gününiň dowamynda şu salga ugratmalydyrlar: Aşgabat ş, Garaşsyzlyk şaýoly, bina 32.
Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri:
Telefon: +993 12 40 63 15
Faks: +993 12 48 05 20
Elektron poçta: tveb@online.tm
Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2023-nji ýylyň 30-njy maýy.
ORIENT habarlar