Iň täze habarlar

Azerbaýjana awtoulag arkaly ýük daşalyşynyň ýönekeýleşdirilmegi türk harytlarynyň Türkmenistana daşalmagyny ýeňilleşdirer

04.04.2023 | 02:26 |
 Azerbaýjana awtoulag arkaly ýük daşalyşynyň ýönekeýleşdirilmegi türk harytlarynyň Türkmenistana daşalmagyny ýeňilleşdirer

Azerbaýjan aňsat ot alýan materiallaryň daşalmagy üçin tölegi, uly ýük awtoulaglary üçin şäher salgydyny ýatyrdy, araçäkden geçilmegi üçin ýygymlary azaltdy we olaryň çägini 41 tonna çenli artdyrdy – diýip, respublikadaky türkmen ilçihanasy habar berýär.

Halkara awtoulagly ýük daşamalary baradaky täze düzgünleriň girizilýändigi baradaky kararyň çäklerinde güýje giren şunuň ýaly çäreler türk harytlarynyň Azerbaýjanyň çäginden Türkmenistana we Orta geçelgäniň ýurtlaryna üstaşyr geçirilmegini ýeňilleşdirer.

Şeýle hem bu resminama Russiýa, Özbegistana we Gazagystana ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär.

ORIENT habarlar

Foto: tutu.ru

Şeýle hem okaň: