Iň täze habarlar

Türkmen sogany eksport edilende 1 ga ýerden $5 müňe çenli girdeji alyp bolýar

30.03.2023 | 10:27 |
 Türkmen sogany eksport edilende 1 ga ýerden $5 müňe çenli girdeji alyp bolýar

Türkmenistan sogany esasy sebitleýin eksport edijileriň birine öwrülip biler – diýip, telekeçi, DIM-niň halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty Döwletgeldi Ballyýew hasap edýär, bu barada «Türkmenistan» gazeti üçin belliklerinde ýazýar.

Işewür 1 tonna türkmen soganynyň özüne düşýän gymmatynyň häzir $30-40 töwerek boljakdygyny hasaplady. 1 ga ýerden ortaça hasyllylygyň 50 tonna töweregi bolýandygyny, bazar bahasynyň bolsa $130-140 çenli ýetýändigini göz öňünde tutsak, onda her gektardan alynýan hasylyň özüne düşýän gymmaty $5 müňe çenli ýeter.

Öz gezeginde, amatly gurşaw sogany halkara bazarlaryna - Gazagystana, Russiýa we Belarusa eksport etmegiň täze geljegini açmak üçin şertleri döredip biler. Ak sogany Pakistana, Hindistana, Bangladeşe we Şri-Lanka eksport etmekligi ýola goýup bolar.

Türkmenistanda gyzyl sogan Ahal welaýatynda (Mäne-Çäçede) we Mary welaýatynda (Hanhowuzda), ak sogan – Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Sary soganyň hasylynyň ýygnalmagy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý we Bäherden etraplarynda amala aşyrylýar.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: