Iň täze habarlar

Türkmenistandan 100-e golaý telekeçi türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar

30.03.2023 | 11:36 |
 Türkmenistandan 100-e golaý telekeçi türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň telekeçileriniň Işewürler geňeşiniň birinji ýygnagy we işewürlik forumy şu ýylyň 6-njy aprelinden 8-nji apreli aralygynda Duşenbede geçiriler – diýip, Täjigistanyň «Howar» agentligi habar berýär.

Öňde duran işewürlik forumyna 100-e golaý türkmen telekeçileriniň we eksport edijileriniň, täjik tarapyndan 200-den gowrak telekeçiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Işewürlik forumynyň esasy maksady — täze hyzmatdaşlary gözlemek we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr.

Şuňa meňzeş soňky forum 2017-nji ýylda bolupdy. Forumyň çäklerinde maýa goýumlar babatynda özara hyzmatdaşlygyň geljeginiň we iki dostlukly ýurduň telekeçilik jemgyýetleriniň arasynda işewürlik we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Hyzmatdaşlygyň geljegi bolan ugurlar diýlip ulaga, ýük daşamalaryna we Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleriniň ulanylmagyna düşünilýär.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň apreliň birinji ýarymynda Täjigistana baryp görjekdigi habar berlipdi .

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: