Iň täze habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy

04.04.2023 | 02:38 |
 Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy
 Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy
 Aşgabatda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň söwda toplumynyň üç günlük sergisi açyldy, onda ýurdumyzyň azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň, senagat önümleriniň, halylaryň we dokma önümleriniňöňdebaryjy öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara ýüzlenmesinde häzirki günde Türkmenistanda öndürilen önümleriň ýurduň eksport müminçilikleriniň gyşarnyksyz artýandygyny tassyklap, dünýä bazarlarynda uly islege eýedigini nygtaýar.

Gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň arasynda dürli harytlaryň önümçiligi – suwaryş ulgamlarynyň, gurluşyk plitalarynyň, hojalykda ulanylýan himiýa serişdeleriniň, motorly gämileriň, elektronikanyň we kompýuter tehnikasynyň önümçiligi bilen meşgullanýan döwlet kärhanalaryny we hususy kompaniýalary görmek bolýar.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzdaky kärhanalar tarapyndan öndürilýän döwrebap we rahat egin-eşikleriň, şeýle hem milli lybaslaryň dürlüligini görkezýän moda görkezilişi bolar.

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: