Türkmenistanyň DHÇB-sy işini sanlylaşdyrmak boýunça tenderiň möhletini uzaltdy
04.04.2023 | 02:03 |Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇB) öz işjeňligini sanlylaşdyrmagy işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça milli walýutada ozal yglan edilen açyk tenderiň möhletini uzaltdy.
Tender-bäsleşigine gatnaşmak üçin gyzyklanýan kompaniýalar bildiriş — 4-nji aprelde resmi taýdan çap edilenden soň 15 iş gününiň dowamynda şu salga ýüz tutmasyny ugratmaly: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş, Arçabil şaýoly, bina 52, TDHÇB. Offşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol zolaklarda bank hasaby bolan kompaniýalardan ýüz tutmalar kabul edilmeýär.
Resminamalaryň bukjasynda gatnaşyjynyň ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we rekwizitleri baradaky maglumatlar görkezilip, tendere gatnaşmaga isleg bildirilýändigi baradaky ýazmaça ýüz tutmany öz içine almalydyr.
Elektron poçta salgysy: info@ exchange.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-60-14, 44-60-10, 44-60-09 (tehniki soraglar üçin).
ORIENT habarlar